Arkadagly Serdar bilen güller açýar Watanym
14.09.2023
Hawa, täze — 2023-2024-nji okuw ýylyna uly hyjuw bilen gadam basyldy. Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýeten günleri-de gelip ýetdi. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar ýaşlary 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara, uly şowhun bilen kakylan ilkinji jaňdan soň ilkinji sapaga gatnaşyp, täze okuw ýylyna badalga aldylar. Bilşimiz ýaly, şu günler gadamy batly, beýik maksatly ýaşlar bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin yhlasly okaýarlar. Olar mugallymlaryň öwredýän her bir sapagyny ürç edip diňläp, oňat okap, ata Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmagy maksat edinýärler. Şol bir wagtyň özünde okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar.
Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň bilimden paýly, ylymdan serpaýly, sowatly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli bolmagy ugrunda irginsiz aladalanýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Goý, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.