Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bugdaý ekişine girişildi
14.09.2023
Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 31-nji awgustynda geçirilen mejlisinde häzirki wagtda ekişiň golaýlap gelýändigine görä, gallaçy babadaýhanlarymyzyň öňlerinde örän wajyp wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Bugdaý ekişi möwsümini bellenen möhletlerde, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, tiz we ýokary hilli geçirmegiň wajyp ähmiýetiniň bardygyny nygtap, öňümizdäki möwsümde geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüniň tutulýandygyny belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 6-njy sentýabryndan bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berýändigini aýtdy we asylly däbimize görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini nygtady.
Gadymy Murgap jülgesiniň zähmetsöýer gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin 170 müň gektar ýere bugdaý ekmegi meýilleşdirýärler. Tehnikalardyr ekijiler irgözinden abatlanylyp, olar bugdaý ekişine ýokary taýýarlykda goýuldy. Bu işlerde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň hünärmenleridir abatlaýjy ussalary ýokary işjeňlik görkezdiler. Berekediň ekişden başlanýandygyna göz ýetirýän gallaçy kärendeçilerimiz ýetip gelen bugdaý ekişine ýokary taýýarlykly geldiler. Arkadagly Serdarymyzyň ak patasyna eýerilip, welaýatymyzda täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişmeklige bagyşlanylyp, welaýat häkimliginde maslahat boldy. Bu maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, şäherleriň, etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.
Maslahaty welaýatyň häkimi Begençmyrat Orazow açdy we gallaçylarymyzyň bugdaý ekişine taýýarlykly gelendiklerini belläp geçdi. Welaýat häkimi hormatly Prezidentimiziň geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişmäge ak pata bermegi bilen welaýatymyzda hem bu möhüm çärä guramaçylykly girişilip, ekişiň ýokary hilli, agrotehnikanyň talaplaryna laýyk, bellenilen möhletlerde geçiriljekdigine ynam bildirip, daýhanyň çyn hossary Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözleri aýtdy. Maslahatda çykyş edenler bugdaý ekişine ýerleriň, tehnikanyň, tohumlyk dänäniň we beýleki zerur serişdeleriň taýýarlygy barada anyk maglumatlary aýtdylar.
Mary etrabynyň “Zarpçy” daýhan birleşiginiň gözýetime uzap gidýän, bugdaý ekişine birkemsiz taýýarlanan ekin meýdanynyň gyrasynda yzyna ekijiler tirkelen traktorlar, ýörite meýdançada ýerleşdirilen tehnikanyň ätiýaçlyk şaýlary tehnikanyň ekişde bökdençsiz işlediljekdiginden habar berýär. Daş-töwerek baýramçylyk görnüşinde bezelen. Belentden ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy toý märekesiniň ruhuny göterýär.
Ynha, garaşylýan, tolgundyryjy pursat gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen il içinde hormatlanylýan ýaşulularymyz “Bismilla” diýip, topraga tohum sepdiler. Bugdaý ekijileri tirkelen traktorlaryň gyradeň hereketi bilen ekişe girişildi. Tohumyňyz müňlesin, hormatly gallaçylar!
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: welaýatymyzda täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişilmeginden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.