Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Täze okuw ýylynyň bosagasynda

06.09.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ösüş-özgerişleri has-da ilerleýär. Eziz Watanymyzyň giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek hasaplanylýar.

Bilim ulgamyndaky öňegidişlikler bu ugurda döredijilikli zähmet çekýän bilim işgärleri bilen bir hatarda yhlasly okaýan okuwçylary we ene-atalary has-da guwandyrýar. Çünki häzirki döwürde Watanymyzyň daýanjy hasaplanylýan ýaş nesiller aýratyn alada bilen gurşalyp, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, sanly ulgam ornaşdyrylan mekdepler bilim almaga höwesli ýaşlara gujagyny giňden açýar. Munuň üçin kalby buýsançdan doly bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýar.

Täze okuw ýylynda okuwyň hilini gowulandyrmak maksady bilen mugallymlary kämilleşdirmeklige uly üns berilýär. Welaýat baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen kämilleşdiriş okuwlary yzygiderli guraldy. Netijede, welaýatymyzda täzelikçi, iş tejribesi öwrenilýän mugallymlaryň, terbiýeçileriň, bilim edaralarynyň sany barha artýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek, berilýän bilimiň hem-de terbiýäniň netijeliligini gazanmak, çagalary başlangyç bilimiň maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamak babatda hem oňyn işler alnyp barylýar.

Welaýatymyzda ýaş hünärmenleri işe ugrukdyrmakda hem netijeli işler ýola goýulýar. Şu okuw ýylynda ýörite we ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň 668-si işe başlady. Ýaş mugallymlar tejribeli mugallymlara, ýagny, halypalara berkidildi. Olara ugrukdyryjy usuly maslahatlar yzygiderli berilýär. Sapaklary işjeň usullardan peýdalanyp guramagyň inçe ýollary öwredilýär.

“Bilim we terbiýe” düşünjelerini biri-birinden aýyrmak, asla, mümkin däl, olar bitewi düşünjelerdir. Hut şonuň esasynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli, öwüt-ündew häsiýetli wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Mekdepleriň we çagalar baglarynyň töweregini abadanlaşdyrmak, baglara ideg etmek her bir ýolbaşçynyň, mugallymyň, terbiýeçiniň jana-jan borjy bolup durýar. Şol nukdaýnazardan hem täze okuw ýylyna taýýarlyk döwründe welaýatymyzyň bilim edaralarynyň ählisinde abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip, häzirki wagtda olaryň ählisi täze okuw ýylyna taýýar edildi.

2023-2024-nji okuw ýyly bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlaýarys. Hormatly Prezidentimiziň: “Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr” diýen parasatly sözlerine jan-tenden uýup, yhlasly zähmet çekeris.Täze okuw ýylynda uly üstünlikleriň, Watanymyza şan getirjek ýeňişleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

Atageldi ANNASEÝIDOW.
Welaýat baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.