Ajaýyp şygryň dabarasy
06.09.2023
Golaýda şeýle at bilen welaýat häkimliginiň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygryna bagyşlanyldy. Welaýat häkimliginde bolan bu maslahata welaýat, şäher, etrap häkimleriniň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Arzygül Orazowa çykyş edip, Milli Liderimiziň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň toýuna bagyşlap döreden ajaýyp şygrynyň many-mazmuny barada giňişleýin durup geçdi. Soňra Ýolöten etrabynyň Soltanbent geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Hezretguly Öwlüýägulyýew, Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Aksoltan Baýramowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, şol institutyň talyby Begenç Maksadow we beýlekiler buýsançly çykyş etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan kemala gelýän her bir eseriň halkymyz üçin gymmatly sowgat, aýratynam, ýaşlar üçin nusgalyk mekdep we ýol-ýörelge bolup durýandygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Şeýle hem täze şygryň döredijilik işgärlerine täze-täze eserleri döretmäge uly itergi berjekdigini bellediler.
Baýramçylyk ruhuna beslenen dabaraly maslahatda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap taýýarlan kompozisiýasy, şeýle hem welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary belentden ýaňlandy.
B. JUMADURDYÝEWA.
SURATDA: dabaraly maslahatdan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.