Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

24.02.2021

Baýramaly etrabynyň Mekan şäherçesiniň ýaşaýjysy Şatlyk Mürtükowyň oba hojalyk ekinlerinden tejribesi ýetik. Ol özüne ynanylan iki gektar ýeriň her ädiminiň gadyryny bilýär. Topraga ekilýän gowaçadyr bugdaýdan ýylyň-ýylyna bol hasyl alyp, döwlete pagta hem bugdaýy ýokary sentnerlerden tabşyrýar. Iki ýyldan ekin dolanyşygynda saklanylýan ýer berekedini eçilýär.
Şatlyk Mürtükow gyş paslynda mellek ýerinde ýyladyşhana gurup, hyýardyr pomidoryň ýeterlik hasylyny ilata ýetirýär. Şu günler onuň ýyladyşhanasyndaky hyýar ekini bol hasyl berýär. Gurply toprakda suwarymy ýetirilýän ekinden her ýygymda 100 kilogramdan hyýar alynýar. Gök önüm terligine ilata ýetirilýär. Ýene bir bölekdäki pomidorlar hem, ýetişip gelýär. Onuň “Ile-de nepiň degsin” diýen many-mazmunly sözleri obadaşlarynyň arasynda öz beýanyny tapýar. Şatlyk ýaşaýan mekanlaryndaky ýyladyşhana gurup, ekin ekmäge höwesli ýaşaýjylara öz goldawyny ýetirýär. Ol ýyladyşhana gurjaklara ýakyndan goldaw edýär. Hyýardyr pomidor ekjeklere ekinleri ekmäge, olara ideg etmäge yhlas bilen kömek berýär. Şonuň üçinem ýaşaýjylaryň arasynda bu ekerançynyň abraýy uly. Ynsan saglygyna ýaramly, witaminlere baý, ekologiýa taýdan arassa gök önümler ilatyň uly islegine eýe. Şeýle önümleri ýetişdirýänler näçe köp bolsa, halkymyzyň bereketli saçaklarynyň rysgaly şonda-da artýar. Elbetde, ekerançy Şatlyk Mürtükow munuň şeýledigine örän oňat göz ýetirýär. Ol ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde azyk bolçulygynyň barha artdyrylmagyna ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna egsilmez alkyş sözlerini aýdýar.

Öwezmyrat POLLYÝEW.
SURATDA: ýyladyşhananyň eýesi Şatlyk Mürtükow hasyl ýygymynda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.