Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport. Sport. Sport.

26.08.2023

Golaýda Marynyň “Merw” futbol topary myhmançylykda Täjigistanyň “Hujand” futbol toparyndan 2:1 hasaby bilen üstün çykmagy başardy. “Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy” stadionynda geçirilen bu oýnuň esasy wagtynyň 1:1 hasabynda deňlikde tamamlanmagy goşmaça wagt berilmegine getirdi. Oýnuň esasy wagtynyň 54-nji minutynda “Merwiň” düzüminde oýnaýan Myrat Ýagşyýew erjellik bilen hasaby açmagy başardy. Çekeleşikli oýnuň 79-njy minudynda bolsa “Hujandyň” oýunçysy Parwiz Bokiýew hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi. Netijede, goşmaça wagtyň ikinji ýarymynda, has takygy, 114-nji minutda ildeşimiz Myrat Öwezmyradow kellesi bilen derwezäni dürs nyşana alyp “Merwe” ýeňiş gazanmaga mümkinçilik döretdi. Netijede, Marynyň “Merw” topary 2023/2024-iň AFK Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik aldy.

Şu ýylyň 20-nji sentýabrynda başlanýan bu toparçalaýyn tapgyrda “Merw” topary Täjigistanyň “Rawşan”, Türkmenistanyň “Altyn asyr” we Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” toparlary bilen güýç synanyşar.

K. ANNAÝEW.