“Merwiň” üstünligi
22.08.2023
Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýakynda Mary şäherinde Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky oýunlarynyň saýlama tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. On müň ýetmiş tomaşaçyny özüne jemlän köpugurly sport toplumynda Marynyň “Merw” topary bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň “Alaý” topary duşuşdy.
15-nji awgustdaky geçirilen AFK-nyň Kubogyny almak ugrundaky saýlama tapgyrynyň öňki gününde iki toparyň oýunçylarynyň hem-de baş tälimçileriniň gatnaşmagynda “Mary” myhmanhanasynda metbugat konferensiýasy geçirildi. Onda žurnalistler dürli soraglary berdiler. Ýeri gelende aýtsak, metbugat konferensiýasynda “Merw” toparynyň baş tälimçisi Witaliý Alikberow “Ertirki duşuşyga oýunçylaryňyz taýýarmy?” diýen soraga, “Hawa, häzirki wagtda biziň oýunçylarymyz 95 göterimde dolulygyna ertirki geçiriljek duşuşyga taýýar. Galyberse-de, nesip bolsa, janköýerleriň goldawy bilen ýeňiş gazanarys diýip umyt edýäris. Çünki, biziň maksadymyz diňe ýeňmek” diýip, ynam bilen jogap berdi. Baş tälimçiniň oýunçylara bolan ynamy hem ýerine düşdi. “Merw” topary 1:0 hasapda “Alaýdan” üstün çykmagy başardy.
Mary welaýatynda ilkinji gezek geçirilen duşuşygyň ilkinji minutlaryndan başlap, diýseň çekeleşikli geçendigini aýratyn bellemek gerek. Çünki, iki futbol toparynyň hem özüne bolan ynamy uly, oýunçylarynyň taýýarlygy ýokary. “Kim ýeňiş gazanarka?” diýen sorag her bir minutda tomaşaçylaryň arasynda ýaňlandy. Şeýle soragyň ilkinji jogabyny “Merw” toparynyň hüjümçisi Musa Nazarow berdi. Has takygy, hüjümçi oýnuň 13-nji minudynda “Alaýyň” derwezesinden topy geçirmek bilen janköýerleriň şowhunyny artdyrdy. Bu bolsa, “Merwe” has-da gowy oýnamagyna uly güýç boldy. Netijede, şol hasap bilen oýun tamamlandy. Çekeleşikli geçen oýnuň netijesinde “Merwiň” derwezebany Merdan Saparow duşuşygyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi.
Sport toplumynyň ikinji gatynda duşuşykdan soňky metbugat konferensiýasy geçirildi. Oňa “Merw” toparynyň baş tälimçisi Witaliý Alikberow hem-de goragçysy Şazada Bäşimow gatnaşdy. Şonda baş tälimçi Witaliý Alikberow: “Toparyň ýeňiş gazanmagynda oýunçylaryň ussatlygy bilen bir hatarda janköýerleriň yhlasy bar. Janköýerler toparyň 12-nji oýunçysy ýaly bize uly goldaw berdiler. Şu pursatda olara aýratyn minnetdarlygymyzy bildirýäris. Geljekki ýaryşlarda-da ýeňiş gazanmak üçin öz yhlasymyzy gaýgyrmarys” diýip, uly buýsanç bilen žurnalistlere gürrüň berdi.
Hawa, ýene sanlyja günlerden, has takygy, 22-nji awgustda “Merw” Täjigistanda geçiriljek ýaryşyň pleý-off tapgyrynda çykyş eder. Onda “Merw” Täjigistanyň “Hujand” topary bilen duşuşar. Biz hem öz gezegimizde “Merw” futbol toparyna uly üstünlikleriň, ýeňişli gadamlaryň hemişe hemra bolmagyny arzuw edýäris. Geljekki duşuşyklaryň şowly bolsun, “Merw”!
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: çekeleşikli duşuşykdan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.