Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilim işgärleriniň awgust maslahaty

26.08.2023

Ýakynda Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde welaýat häkimliginiň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, bilim işgärleriniň gatnaşmagynda welaýatyň mugallymlarynyň awgust maslahaty geçirildi. Bu ýerde guralan sergide okuwçylaryň döreden sungat eserleri, ýasan el işleri maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Maslahatda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Arzygül Orazowa çykyş edip, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe alýan mukaddes bilim ojaklarynda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin durup geçdi. Soňra welaýat baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Atageldi Annaseýidow, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Garagum etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiri, «Iň göreldeli mekdep müdiri» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi Bahar Muhammetkulyýewa, Türkmengala etrabyndaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy, «Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi Guwanç Babaýew, Murgap etrabynyň «Ruhubelent» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy, «Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi Maýagözel Annamyradowa, Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy Çynar Japarowa çykyş etdiler.

Çykyşlarda bilim ulgamynda amala aşyrylýan uly işleriň netijeleri, mekdepleriň, çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap ýola goýmak üçin ähli tagallalaryň döredilýändigi barada buýsançly bellenildi. Okuwyň gidişi, okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylyşy, olaryň berýän oňyn netijeleri hem-de öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş tejribeleri hakynda täsirli gürrüň edildi.

Maslahatyň dowamynda geçen okuw ýylynda tapawutlanan mugallymlara we terbiýeçilere welaýat baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary we jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan kämil ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

A. GELDIÝEWA.
SURATDA: awgust maslahatynyň geçişinden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.