Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Möhüm möwsüm ýetip geldi

26.08.2023

Hawa, “Ak zat alnyňa ýagşy” diýlip ata-babalarymyzdan galan parasatly jümle bar. Biz düýşümizde-de ak pagtany görsek gowulyga, ony rysgal-döwlete ýorýarys. Sebäbi, ak zady, onda-da, ak pagtany ata-babalarymyz döwletliligiň alamaty hasaplapdyrlar.

Ýag iýdirip ýüpek geýdirýän iň naýbaşy ösümlikleriň biri pagtadyr. “Ak, pagtam, gülleriňi aç, ak, pagtam, dünýä nuruň saç” diýip, aýdym aýdyp, pagta meýdanlarynda, giň atyzlaryň içinde otag, ýekeleme, çürtüm ederdik. Pagtanyň içinden bir geçip, otag ýa-da çürtüm etseňem, ol derrew başgaça öwsüp başlar. Adamyň ysyny alan gowaçalar täzeden boý alyp, ösen ýaly bolýar.

Çagalygym pagta meýdanlarynda geçdi. Şonuň üçinem bahasy altyna barabar bu ösümligiň meniň üçinem gymmaty artykdyr. Pagta meýdanlarynda gyzlar ýaryşyp işlärler, ýygymçylara berilýän baýraklaram ýygymyň gyzygyny artdyrar. Pagtany haýal ýygyp, gyz doganlarymdan yza galaýsam dagy: “Sen bu ýere oýnamaga geleňok, yzymyzdan galma, çaltrak hereketlendir barmaklaryňy” diýip, käýýäp başlarlar. Aýal doganym bilen gündelik ýygýan pagtamyzyň kilosy 100-den geçmese hasap hem etmezdik...

Şu günlerem pagta meýdanlarynyň içi gyz-gelinlerden doly. Ýetişdirilen ak pagtany Watan harmanyna tabşyrmak üçin babadaýhanlarymyz eýýämden aladalanýarlar. Pagtanyň hasyllylygy daýhanyň irginsizligine, zähmetsöýerligine bagly bolýar. Ine, men ýolboýy gowaçanyň boý alşyny, gyz-gelinleriň uly höwes bilen çekýän zähmetlerini synlap gelýärin. Özümem şolaryň arasynda ýaly duýýaryn. Olara öz ýanymdan: “Armaň, pagtaçy gözeller” diýip, geçip gidýärin. Ak pagtalar bolsa açylyp, ak bägüllere meňzäp, tebigatyň görküne görk goşýar. Tebigatyň eçilen baýlygyny agzybirlikde ýygnamak biziň ata-baba adatymyza öwrülendir.

Berkarar döwletimizde abadan we parahat durmuşda bagtyýar ýaşaýan her bir adamyň kalbynda döwrümize bolan buýsanç duýgulary aýdym bolup ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň toýlanylýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň zähmetsöýer daýhanlary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde bereketli pagta hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Halkymyz bu baýlygy agzybirlikde ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmagy maksat edinýär.

Elbetde, bereketli hasyly ýetişdirmekde türkmen daýhanyna hemaýatlaryň berilýändigi, önüm öndürijileriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi pagtaçylarymyzyň joşgunly işlemeklerine uly itergi berýär.

Harmanyňyza bereket, edermen pagtaçylar! Ýygnan her bir hanaňyz halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşsun! Daýhanlarymyzyň bereketli hasylyny isripsiz ýygnamak üçin döredilip berilýän ähli oňat şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri ýaňlanyp dursun!

Ogulşat BERKELIÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.