Dabaraly maslahatda
15.08.2023
Golaýda welaýatymyzyň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasynda Milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň alajalarynyň hem-de alaja ören guralynyň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy mynasybetli «Milletiň käbesi Ogulabat ejäniň nepisligiň nusgasyna öwrülen el işleri ýaş nesillerimiz üçin görelde mekdebidir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň, welaýat zenanlar bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata welaýat zenanlar bölüminiň geňeş we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamynyň zähmetsöýer gelin-gyzlary we kümüş saçly mährem eneler gatnaşdylar.
Maslahatda ýaňy-ýakynda bolup geçen taryhy wakanyň ähmiýeti baradaky çykyşlara giň orun berildi. Onda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Arzygül Orazowa çykyş etdi. A. Orazowa öz çykyşynda milliligiň aýratynlyklary, inçeligi, nepisligi, gaýtalanmajak sungatdygy hakynda, zenanlara görüm-görelde görkezen Ogulabat ejäniň el işleri dogrusynda mysallaryň üsti bilen täsirli gürrüň etdi. Soňra Mary etrap merkezi kitaphanasynyň baýry kitaphanaçysy, mährem ene Akgözel Serdarowa, Murgap etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýjemal Allanowa, «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýparça Akymowa we beýlekiler çykyş etdiler. Buýsançly çykyşlarda Milli Liderimiziň zenan edebinde, maşgala mukaddesliginde, el işlerinde gyz-gelinlere nusgalyk görelde bolan mähriban käbesi Ogulabat ejäniň el işleri hakynda giňişleýin durlup geçildi.
Milli öwüşgin bilen bezelen sahnada guralan sergide miras gymmatlyklarynyň, senetçiligiň nepis nusgasy bolan alajalaryň dürli görnüşleriniň, gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslarynyň, el işleriniň, kümüş şaý-sepleriniň, haly we haly önümleriniň, gülli keçelerimiziň görkezilmegi dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi we tolgundyryjy täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar milli mirasymyzy sarpalaýan, zenan mertebesini belende göterýän, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän Milli Liderimiziň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna tükeniksiz alkyş aýtdylar.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATLARDA: maslahatdan pursatlar.