Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
15.08.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirilýän beýik işler her bir ynsany buýsandyrýar. Aslynda, döwletimiziň alyp barýan ähli işleri adamlaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrundaky alada gönükdirilendir. Biz muny her bir ädimde, her işde duýýarys.
Peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dürli pudaklar bilen bir hatarda ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan oba hojalygy hem barha ösýär. Ýylyň ähli paslynda ilatymyzy azyk we gök-bakja önümleri, dürli miweler bilen doly üpjün etmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Oba hojalygynda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa, işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, pudagyň ösüşini üpjün etmäge ýardam edýär. Daşary ýurtlardan iş öndürijiligi kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Ol tehnikalar daýhanyň ygtybarly daýanjy bolup hyzmat edýär. Bu günki gün halal zähmeti bilen ýerden bereket tapýan daýhan päk zähmetiniň rehnetini görýär. Çünki, ýurdumyzda çekýän zähmetiňe mynasyp baha berilýär.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda iş saparlary bilen bolanda, kärendeçi daýhanlaryň alyp barýan işleri, ýaşaýyş-durmuş şertleri, olara döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşýar. Olaryň armasyny ýetirýär. Rahmet Gylyjowyň terjime eden arap ýazyjysy Abu Abdyllah Muhammet al-Hubaýşiniň “Bereket kitaby” atly eserinde: “Daýhançylyk, ekerançylyk iň halal kespleriň biri hasap edilýär. Çünki, janly-jandaryň iými, iýmiti aglaba halatda ekerançylyga, bag-bakja önümlerine, ir-iýmişlere, miwelere, ot-güllere bagly” diýlip bellenilýär. Hakykatdan-da, ekerançylyk, toprakda bitýän önümler, miweler durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ata-babalarymyz oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Toprak-howa şertlerine görä, ýetişdirilen önümdir miweler özüniň datlylygy, ýokumlylygy bilen tapawutlanypdyr.
Ýurdumyzda esasan bugdaýdyr pagtany ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Çünki, bugdaý mele-myssyk çörek bolup bereketli saçaklarymyza dolýar. Gowaça bolsa dokma senagatymyzyň çig maly bolup hyzmat edýär. Üstümizdäki ýylda hem welaýatymyzyň daýhanlary Watan harmanyna bereketli galla hasylyny tabşyrdylar. Gowaçanyň bitginli hasylyny kemala getirmek üçin bolsa şu günler ir ertirden giç agşama çenli zähmet çekilýär.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».