6-njy awgust Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň günüdir
04.08.2023
Toýlary toýlara ulaşýan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gurýar we döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly kärhanalar gurlup, işe girizilýär. Önümçilik, durmuş we medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygam giňden ýaýbaňlandyrylyp, il- -günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen netijeli tagallalaryň bady artýar.
Ýokarda ýatlaýşymyz ýaly, ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe taýýarlyk görülýär. Bu senäniň biz — gurluşykçylaryň hünär baýramymyzdygy guwandyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Aslynda, gurluşykçynyň käri iň parahatçylykly kär bolup durýar. Sebäbi, gurluşykçy ýagşy umyt, arzuwlar bilen gözel binalarydyr ymaratlary gurýar. Dogrusy, şunuň özem bizi hemişe yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Onsoňam, parasatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň awgust aýynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň ýurdumyz boýunça baýram edilmegi çekýän zähmetimize berilýän ýokary baha, goýulýan uly sarpadyr.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň çar künjeginde gurluşyk-gurnama işleri giň gerime eýe bolýar. Şeýle bähbitli işlerde goşandyňy duýmak işiňe yhlasyňy, höwesiňi artdyrýar. Önümçilik birleşigimiziň zähmetsöýer gurluşykçylarynyň döredijilikli zähmeti netijesinde welaýatymyzda önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar gurlup, ulanmaga berilýär. Şeýle ýokary iş depgininiň bady Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda Ýolöten etrabynyň Gammarbaba geňeşliginiň Gammarbaba obasyndaky 34-nji orta mekdebiň 2-nji şahamçasynda goşmaça okuw binalarynda gurluşyk-gurnama işleri üstünlikli alnyp barylýar. Işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy ýokary netijelere getirýär. Gurluşykda bitirilýän işleriň hiline hemişe ýokary talap bildirilýär. Biz talapdan ugur alyp, gurluşyk-gurnama, timarlaýyş işleriniň hiline örän uly üns berýäris. Mundan başga-da, gurluşykçylarymyz Ýolöten etrabynyň Rahat geňeşliginde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp barýarlar. Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy öňde durýan wezipelere abraý bilen hötde gelmäge mümkinçilik berýär.
Gurmak, döretmek haýyrly iş. Ajap eýýamymyzda şeýle işlere goşantly bolmak ruhubelentlik döredýär. Şu sene bilen ähli kärdeşlerimizi tüýs ýürekden gutlap, olara işlerinde üstünlik, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris.
Berdimyrat ÝAZLYÝEW.
“Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň 8-nji gurluşyk-gurnama edarasynyň iş öndürijisi.