«GERÇEGIŇ» ÝEŇIŞLI MENZILLERI
01.12.2020
Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ýeňişli menzilleri külterleýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň bady artyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz hususyýetçiligi ösdürmeklige üns berip, bu ugurda uly işleri durmuşa geçirýär. Ajap eýýamymyzda şeýle işleriň bady ýylsaýyn artýar. Ýene bir bellemeli zat bolsa, türkmen telekeçileri bäsleşige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlardyr önümleriň ýerini tutýan harytlardyr önümleri öndürmekde-de bähbitli işleri bitirýärler. Şeýlelikde, ýurdumyzda ilatyň köp sarp edýän harytlaryny öndürmekde tutumly işler rowaç alýar. Täze-täze iş orunlary peýda bolýar.
Türkmen telekeçiliginiň ösüşli ýoluna ser salanyňda, döwlet Baştutanymyzyň «Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys» diýen parasatly sözleri ýadyňa düşýär. Sebäbi, hususyýetçilerimiz özleriniň ýadawsyz aladalary bilen halkymyzy ýokary hilli azyk önümleri, aýakgaplar, egin-eşikler bilen üpjün etmekde guwançly sepgitleri eýeleýärler. Şol harytlardyr önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we önümleriň ornuny tutmagy barada alnyp barylýan işlerem ýatlamak ýakymlydyr.
Bu babatda Mary şäheriniň çäginde ýerleşýän «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän sehi ýatlamak bolar.
Bu önümçilik sehi 2015-nji ýylda açylyp, onuň işgärleri sanlyja ýyllarda ilhalar aýakgaplary bilen giňden tanalmagy başardylar. Bu ýerde işler sazlaşykly guralyp, ýeňsesi açyk aýakgaplary öndürip, halka hödürlemekde tarypa mynasyp tagallalar edilýär.
Gürrüňi edilýän sehde aýakgaplaryň 400-den gowrak görnüşi öndürilýär. Sport aýakgaplarynyň 10-dan gowrak görnüşi tälimçilerdir türgenleriň uly islegine mynasyp bolýar. Şeýle hem bu ýerde öndürilýän, oba hojalygynda we aýry-aýry kärhanalarda giňden peýdalanylýan ýokary hilli suw ädikleri hem ilatyň islegli harytlarynyň biridir. Biz şu ýerde bu önümçilik sehinde her ýylda 5 million 600 müň jübüt aýakgabyň öndürilýändigini ýatlasak, zähmetsöýer telekeçileriň il-gün bähbitli ägirt uly işleri bitirýändiklerine göz ýetireris. Şonuň üçinem «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümleri barha meşhurlyga eýe bolýar.
Biz işine ezber telekeçilerden taýýar önümleri ýerleşdirmek bilen bagly meseläniň çözgüdi barada soranymyzda, olar önümlerine hyrydaryň hemişe tapdyrýandygyny gürrüň berdiler. Sehiň döwrüň ösen talabyna laýyk gelýän ýokary hilli önümlerine islegiň diňe bir biziň welaýatymyzda däl, eýsem, beýleki welaýatlarda-da ýokary bolmagynda galýandygyna ünsümizi çekdiler. Şeýle hem telekeçilerimiziň öndürýän aýakgaplarynyň daşary ýurtlara-da eksport edilýändigini ýatlamalydyrys. Munuň özi milli Liderimiziň daşary bazarlara bäsleşige ukyply harytlary çykarmak bilen bagly öňde goýýan jogapkärli wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Gürrüňi edilýän önümçilik sehiniň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklananymyzda, bu ýerde Türkiýe Respublikasynda we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen ýokary öndürijilikli enjamlar oturdylyp, olardan netijeli peýdalanylýandygyna ünsümizi çekdiler. Mälim bolşy ýaly, bökdençsiz önümçilikde çig mal bilen üpjünçilik uly ähmiýete eýe bolýar.
Şu günler bu sehiň telekeçileri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyly ýokary netijeler bilen jemlemegi maksat edinýärler. Bu bolsa olaryň hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň toýuna mynasyp baýramçylyk sowgady bolýar.
A. BAÝRAMOW.
SURATLARDA: «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümleriniň
sehinden iş pursatlary.
Suratlary düşüren
Şamyrat AMADOW. (Suratlary 05.11.2020)