Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

04.08.2023

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek, oba ýaşaýjylarynyň ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça amala aşyrýan işleri daýhanlaryň mundan beýläk-de hyjuwly zähmet çekmegine uly itergi berýär. Welaýatymyzda şeýle işjanly, ýeriň diline düşünip, ondan bereket tapýan kärendeçilerdir bagbanlaryň birnäçesi bar. Olaryň biri hem Wekilbazar etrabynyň Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň bagbany Allamyrat Hommadowdyr.

Golaýda TAP-nyň Wekilbazar etrap komitetiniň işgärleri bilen biziň döredijilik toparymyz Allamyrat bagbanyň bagy bilen tanyşdy. Ýeri özleşdirip, dürli görnüşli miweli baglary tapyp, olary topraga oturdyp, bagbanyň çeken zähmetiniň bu günki gün ýerine düşýändigini biz uly buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki, Allamyrat aganyň ýetişdiren baglaryny görmäge göz, taryp etmäge söz gerek.

Toprak maňlaý derini siňdirip, halal zähmet çekýäne miwesini bolluk bilen eçilýär. Munuň şeýledigine Allamyrat aganyň bagynda bolanymyzda hem göz ýetirdik. Onuň 5 gektar ýeri eýeleýän, dürli görnüşli miweli baglary özünde jemleýän bagynda almanyň, erigiň, garalynyň, üljäniň, şetdalynyň dürli görnüşlerini we beýleki baglary görmek bolýar. “Yhlasa — myrat” diýlişi ýaly, A.Hommadow kärinden rysgal, döwlet tapýar, il içinde uly abraýa eýe bolýar. Allamyrat aga “halypa” diýsek hem öte geçdigimiz bolmazmyka diýýäris. Çünki, giň meýdany tutup oturan baglarynda düzüm-düzüm bolup sallanyşyp duran miweleri synlanyňda, onuň bu ugurdan tejribesiniň ýetikdigine göz ýetirýärsiň. Ýaş bagbanlara baglary ösdürip ýetişdirmegi ussatlyk bilen öwredýän Allamyrat halypa bag nahallaryny Lebap welaýatynyň Sakar etrabyndan getirýär. Häzirki wagtda halypanyň özüniň hem bag nahallaryny köpeldip ýetişdirýändiginiň gözli şaýady bolduk.

— Islendik ekinde bolşy ýaly, zähmetiňi gaýgyrman miweli baglaryň idegini ýetirseň hasylyny bolluk bilen eçilýär. Töweregini arassalap, düýbüni depip, dökünini, suwuny wagtly-wagtynda berip dursaň göwün diýen netijäňi alyp bolýar. Bu işlerde maňa kömekçi oglanlar ýakyndan ýardam berýärler. Bagban bolup il-günüň saçagyny topragymyzda bitýän nygmatlar bilen bezemäge mynasyp goşandymy goşýandygyma diýseň begenýärin — diýip, halypa bagban söhbetdeş bolan wagtymyz buýsançly gürrüň berdi.

Halal zähmeti bilen bagta ýeten halypa bagbana mundan buýana hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, saçaklarymyzyň bezegi bolan miweli baglaryň bereketli hasylyny ýetişdirmekde çekýän zähmetiniň hözirini görüp ýaşamagyny arzuw edýäris.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: Allamyrat bagbanyň bagynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.