Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

25.07.2023

Tomus paslynda zerurlyk ýüze çykmasa, sagat 10:00-dan 17:00 aralygynda, has takygy, howanyň yssy wagtynda daşaryk çykmak maslahat berilmeýär. Çeşmesi belli bolan arassa agyz suwuny ýanyňyzda göteriň!

Daşaryk çykanyňyzda Günden goraýan äýnekleri dakynyň, başgaby ýa-da ýaglygy kelläňize geýmegi unutmaň!

Tomus paslyna görä geýniň! Endama ýakymly bolan pagtadan tikilen egin-eşikleri geýmek maslahat berilýär. Howanyň yssy günlerinde ýeňil iýmitlenmeli, suwy köp mukdarda kabul etmeli.

Ýokanç kesellerden ägä bolmalydygyny, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamalydygyny unutmaly däldiris.

Saglygymyz babatynda näsazlyklar ýüze çykan mahalynda hökmany ýagdaýda lukmana ýüz tutup, öz saglygymyzy goramalydyrys.

Ýelena TAGYÝEWA.
Welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.