«Ýaňlan, Diýarym! — 2023»
25.07.2023
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyzyň milli medeniýetiniň we sungatynyň kämilleşmegine, ösmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry uly şatlyk-şowhuna beslendi.
Welaýatymyzdaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaş höwesjeň aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde hoş owazly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Bäsleşige zehinli aýdymçylaryň 10-sy gatnaşyp, olar ussatlyk bilen ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Sungata höwesjeň ýaşlar eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän estrada, şeýle hem türkmen halk aýdymlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Tolgundyryjy pursatlara baý bolan aýdym-sazly bäsleşikde has tapawutly çykyş eden ýaşlar öňe saýlandylar. Netijede, Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesiniň medeniýet merkeziniň aýdymçysy Nurýagdy Bekiýew we Tagtabazar etrabyndan höwesjeň aýdymçy Tylla Çaryýewa mynasyp orunlary eýelemegi başardylar we telebäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere we oňa gatnaşan ýaş aýdymçylara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
A. GELDIÝEWA.
SURATDA: bäsleşikden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.