Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Şadyýan tomus — 2023

13.07.2023

Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Çagalaryň oňat dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ata Watanymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda, asuda asmanyň astynda gülüp-oýnap, şatlanmagy ugrunda uly alada edilýär. Ýurdumyzda hereket edýän döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleridir ajaýyp seýilgähler bu aýdýanlarymyza doly şaýatlyk edýär.

Tomus paslynyň ajaýyp günlerinde çagalar seýilgählerine baranyňda körpeleriň şatlanyp, ol ýerde ene-atasy bilen aýlanyp ýören pursatyny göreniňde bagtyýar zamananyň goýnunda ýaşaýandygymyza doly göz ýetirmek bolýar. Çaga gülküsi belentden ýaňlanýan seýilgählerde körpeler wagtlaryny hoş geçirýärler.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde körpeleriň “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine dynç almaga ugradylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu ýere çagalar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleri tarapyndan ugradylyp, ol ýerde olaryň oňat dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ol ýerde çagalaryň saglygyna hem seredilýär. Dürli medeni çäreler guralýar. Bularyň ählisi çagalaryň wagtlarynyň hoş geçirmegi, oňat dynç almagy üçin döredilýän amatly şertlerdir.

Ajaýyp zamanada baldan süýji balalarymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir.

Amandurdy ŞADYÝEW.
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.
Suratlary düşüren Çary AMANGELDIÝEW.