Gün urmasyndan goranalyň!
13.07.2023
Tomsuň yssy günleri günüň ýiti şöhlesiniň uzak täsir etmegi netijesinde adamyň nerw ulgamyna we beýni merkezlerine agyr zeper ýetýär. Gün urmasynyň ilkinji alamatlary, takmynan, 6-8 sagatdan soň ýüze çykýar. Gün uran adamyň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar, özüni gowşak duýýar, kellagyry peýda bolýar, ýüzüniň we kellesiniň derisiniň gyzarmagy, başaýlanma, ýürek urşunyň we dem alşynyň çaltlanmagy, üşütme, işdäsiniň kesilmegi, ýürek bulanma, gaýtarmak, kä halatlarda iç geçmek ýaly alamatlar ýüze çykyp başlaýar. Adamyň huşy bulaşyp, özüni ýitirip hem bilýär. Şeýle ýagdaý ýüze çyksa,onda gün uran adamy salkyn ýere geçirmeli, egin-eşikleri gysmaz ýaly, iliklerini ýazdyrmaly, kä halatlarda eşiklerini çykarmaly, köp mukdarda suw içirmeli. Goltugyna, boýnuna suwdan salkyn melhem etmeli (öl mata örtügi) we ony teniň açyk ýerlerine goýup, näsagy sowatmaly. Berlen ilkinji kömeklerden peýda tapylmasa, gyssagly lukmana ýüz tutmaly, has zerurlyk ýüze çyksa hassahana ýerleşdirmeli.
Gün urmasyndan özüňizi goraň! Saglygymyzy goramak her birimiziň borjumyzdyr.
Jumadurdy ANNAMYRADOW.
Welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, KA-nyň işjeň agzasy.