Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Zyýankeşlere garşy göreş

13.07.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda pagtaçylyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Çünki, ýurdumyz «ak altynyň» mekany hasaplanýar.

Bereketli pagta hasylyny kemala getirmek üçin ekiş döwründen tä ýygym möwsümine çenli ideg işlerini birkemsiz ýerine ýetirmeli. Ýagny, otag, ýekeleme, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, iýmitlendiriş işlerini wagtynda ýerine ýetirmeli. Mundan başga hem gowaçany zyýankeşlerden goramaly bolýar. Munuň üçin welaýatymyzyň gowaça meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin biokärhanalar degerli işleri alyp barýarlar. Gabrobrakonlary öndürmekde Türkmengala etrap «Dökünhimiýa» bazasynyň biofabrikasynyň işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler.

Golaýda Mary şäher we Türkmengala etrap agrar partiýasynyň döredijilik topary etrabyň «Dökünhimiýa» bazasynyň biofabrikasynda iş saparynda boldy. Onda biofabrikanyň baş hünärmeni Arslan Gurbangeldiýew gowaça sowkasyna garşy ulanylýan gabrobrakonyň peýdaly mör-möjekdigi, onuň bir gektara 800-1000 sanysynyň bir hepdeden üç gezek gaýtalanyp goýberilýändigi dogrusynda gyzykly gürrüň berdi.

Kärhananyň her bir işgäri ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmaga çalyşýar. Olar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza işlemäge, bagtyýar durmuşda ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp-köp sagbolsun aýdýarlar.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: biofabrikanyň işinden pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.