Gant şugundyry: aralyk ekiniň ekişi
05.07.2023
Ilatyň şeker we ondan öndürilýän azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen şu ýyl güýzlük gant şugundyryny ekmek we ondan ýokary hasyl almak boýunça taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle-de, ekin ekiljek meýdanlarda ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça möwsümleýin işleri bellenen möhletlerde geçirmegi, gant şugundyryny öndürijileri zerur möçberde ýokary hilli tohum, suw, mineral dökünler, tehnika bilen üpjün etmek esasy wezipe edilip goýuldy. Biziň ýurdumyzda der döküp, azap etseň bereketini eçilýän ene topragymyzdan zer önýär. Arly ýylyň dowamynda işjanly, zähmetsöýer daýhanlarymyz ak bugdaýdyr “ak altynyň”, gök we bakja, miwe önümleriniň datly hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Islegli önümiň biri bolan ak şekeri öndürmek üçin çig mal bolan gant şugundyry hem esasy ekinleriň hatarynda ýetişdirilýär. Ekin ekilýän mele topragyň düşewüntliligini artdyrmak, önüm öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak häzirki zamanyň iň wajyp wezipeleriniň biridir.
Şu ýyl “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary bilen täze hasyl üçin 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek barada şertnama baglaşyldy. Aralyk ekin bolan gant şugundyry galla hasylyndan boşan ýerlere köpçülikleýin ekilýär. Ekin meýdanlarynda işler öndürijilikli alnyp barylýar. Galla hasylyndan boşan ýerlerde şüdügärlemek, tekizleşik, geriş çekmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Aralyk ekinleri ekip, bol hasyl ýetişdirmek üçin jan aýaman zähmet çekýän daýhanlara: “Tohumyňyz müňlesin” diýýäris.
Zähmetsöýer daýhanlaryň tutanýerli zähmetleri bilen baýamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip, kömek-goldawlaryny gaýgyrmaýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.