Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilip geçildi

05.07.2023

Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzyň ähli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bu baýramçylygyň şanyna täsirli çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Ähli ýerde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem ajaýyp baýramçylygyň şanyna dürli öwüşginli dabaralar guraldy.

Baýramçylyk güni ir säher bilen medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri hem-de talyplar Mary şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýup, beýik şahyra tagzym etdiler. Bu ýerde aýdym-sazly dabaralara giň orun berildi. Şeýle-de, baýramçylyk gününde Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlamagynda ajaýyp konserte tomaşa edildi. Joşgunly aýdym-sazlara beslenen konsert oňa gatnaşyjylarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna düzülen aýdymlar, ýerine ýetirilen owadan tanslardyr kompozisiýa çykyşy konsertiň şowhunyny artdyrdy.

Baýramçylyk gününde ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň ahyrynda milli medeniýetimize, sungatymyza, beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler ýaňlandy.

S. ANNAGULYÝEWA.
SURATLARDA: baýramçylyk dabaralaryndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.