Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Arkadag şäheri — bagtyň şäheri

05.07.2023

Bu günki gün Arkadag şäheri hemmeleriň dilinde. Sebäbi, bu şäheriň birinji tapgyrynda gurlan binalaryň 336-syny synlanyňda sözüň doly manysynda jenneti mekany ýadyňa salýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyjy hem-de yzygiderli goldaw-ýardamy netijesinde gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda bitirilen giň möçberli işler göreni haýrana goýýar. Şol gözel keşpli binalaryň häzirki zaman şäher-gurluşyk talaplaryna aňryýany bilen laýykdygy guwanjyňy goşalandyrýar. Ajap eýýamymyzyň bu täze şäheri babatda gürrüň edilende hemmeleriň aňynda sanly ykdysadyýet, “Ýaşyl” yksadyýet, “akylly” şäher ýaly, düşünjeler orun alýar. Çünki, Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýokarda ýatlananlar bilen bagly taslamalaryň ýokary derejede durmuşa geçirilendigini, geçirilmegi meýilleşdirilýändigini ýatlamalydyrys. Bularyň hemmesi Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hil taýdan örän ýokary derejelerde bolmagyna mümkinçilik berer. Täze tehnologiýaly aragatnaşyk, ulag, inženerçilik ulgamlarynyň kämil gurluş ulgamy döwrebap şäheriň rowaç ertirine giň ýol açýar.

Dogrusy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp mekanyny — Arkadag şäherini näçe taryp etseňem bärden gaýdýar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň ulag düzüminde elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň hyzmatyndan peýdalanmagyň göz öňünde tutulýandygy täze şäheriň ekologiýa arassaçylygy babatdaky giň mümkinçiliginden habar berýär. Bu bolsa täze şäheriň ýaşaýjylarynyň saglygy hakynda edilýän aladadan nyşandyr.

Hemme babatda nusgalyk şäher boljak Arkadag şäheriniň ýene bir aýratynlygynam ýatlap geçmek maksada laýyk bolýar. Has takygy, şu ýylyň 23-nji martynda “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, Arkadag şäheri üçin “döwlet ähmiýetli şäher” diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenildi. Ýokarda ýatlanan Kanuna laýyklykda, Arkadag şäheri gönüden--göni döwlet dolandyryşyna degişli şäher bolmak bilen, ol ösen senagaty, döwrebap infrastrukturasy bilen özüne çekýän şäher bolar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy wakalara beslenýär. Şanly ýylymyzda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berlip, ikinji tapgyryna badalga berilmegi il-günümizde buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bitirilýän tutumly işler abadan ertirimize tarap ak ýolumyzyň rowaçlanmagyna uly itergi berýär.

Şäherleriň naýbaşy sen,
Arkadag atly şäherim.
Dessanlara sözbaşy sen,
Arkadag atly şäherim.

Sungaty sen Arkadagyň,
Saýalydyr ýaşyl bagyň,
Ýalkymy sen Köpetdagyň,
Arkadag atly şäherim.

Aýna dek ýollaň hatary,
Owazy arşa ýetenim,
Nurlandyrdy gül Watany,
Arkadag atly şäherim.

Yşyklaryň älemgoşar,
Gül görküňe älem joşar,
Saňa dünýä sesin goşar,
Arkadag atly şäherim.

Bar şähere nusgalyk sen,
Ýene gülle, ös galyp sen.
Waspyň edýäs hoş bolup seň,
Arkadag atly şäherim.

Sen sanly ulgam arkaly,
Hyzmat edip sen sarpaly,
Hem akylly, hem arkaly,
Arkadag atly şäherim.

Hakyň nury Hakdan gelen,
Arkadagly Serdar bilen,
Ýedi yklyma ýaň salan,
Arkadag atly şäherim.

Annageldi KÄLLIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.