Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Zehinli ýaşlar — Watanyň sütüni

16.06.2023

Ýürekde beslän arzuwyňa ýetmek, öňde goýan maksadyňy amal etmek, onuň netijesinde uly üstünlige eýe bolmak her bir ynsany täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle kalby joşgunly, beýik maksatly ýaşlaryň biri-de Humaý Hommadowadyr.

Humaý heniz ýaşdygyna, durmuş ýoluna ýaňy gadam basandygyna garamazdan, öz zehini bilen uly üstünliklere eýe bolmagy başardy. Çünki, onuň öňünde goýan maksady anykdy. Ol ýüreginde beslän her bir işiniň kemini goýmaýar, tutan işini ýerine dolulygyna ýetirmän ondan elini çekmeýär, tamasyny üzmeýär. Şeýle maksada okgunly, işjanly, zähmetsöýer, kitaphon ýaşlarymyzyň bardygyna biziň her birimiz buýsanmaga haklydyrys.

24-nji zehinli ýaşlar mekdebini diňe 5-lik bahalar bilen tamamlan uçurym jigimiz Humaý başlangyç bilimini Gynnak Amangeldiýewadan alýar. Başlangyç mugallymyň ussatlygy okuwçysynyň üstünliginde ýüze çykýar. Soňra Humaýyň zehininiň ýüze çykmagy, onuň maksatlarynyň amala aşmagy üçin synp ýolbaşçysy Aýna Ýakubowa oňa ýakyndan goldaw berdi.

Humaýda rus diline bolan höwes, söýgi kiçilikden döredi. Ol ilki, rus dilinde multfilmleri görüp, şol dilde aýdymlary diňledi, soňra özbaşdak kitap okamaga başlady. Öz üstünde irginsiz işläp, rus dilinde erkin gürläp bilmegi başaran Humaý 4-nji synpdan başlap, bu sapakdan ders bäsleşigine gatnaşyp başlady. Ol her ýyl bäsleşigiň mekdep, şäher, welaýat, döwlet tapgyrlarynda öňdäki orunlary eýelemegi başardy. Ony soňky ýyllarda ders bäsleşigine 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň ýokary derejeli rus dili we edebiýat mugallymy Anžela Kaprielowa taýýarlady. Humaý Anžela mugallymdan köp zatlary öwrendi. Ders bäsleşigine taýýarlyk döwründe mugallym Humaýa “Diňe özüňi hem-de öňüňdäki işiňi bilginiň! Daş-töwerekdäki ýagdaýlaram, adamlaram seni alada goýmasyn!” diýip, berk sargapdy. Humaýyň aýtmagyna görä, mugallymyň şol sözleri onuň uly üstünliklere ýetmegine getirdi. Has takygy, Humaý jigimiz “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 2022-nji ýylda 3-nji, 2023-nji ýylda bolsa 1-nji orna eýe bolmagy başardy. Humaý diňe bir zehin tarapdan uly üstünlige ýetmän, eýsem, altyn ýürekli ene-atalarynyň barlygy bilen şu dünýäniň uly üstünligine eýe boldy. Biz muňa Humaý hem-de onuň ene-atasy bilen bilelikde oturyp söhbetdeş bolan pursatymyz göz ýetirdik. Beýle diýmegimiziň asyl sebäbi näme? Sebäbi, söhbetdeşlikde ejesi Mährigözel Hommadowa: “Men gyzymy ähli babatda goldaýaryn. Onuň islegine, höwesine, geljekki maksadyna sarpa goýýaryn. Sebäbi, gyzym Humaý jan, meniň pikirimçe, özüne laýyk maksady öňünde goýdumyka diýýärin. Şonuň üçinem onuň gynanan, ruhdan düşen mahalam oňa goldaw berip, durmuşda ýeňiji bol, gyzym, diýip, göwünlik berýärin” diýip, özüniň çagalaryna bolan enelik mährini, yhlasyny bize aýan etdi.

Dil öwrenmeklige aýratyn ähmiýet berýän Humaý rus dilinden başga-da, iňlis hem türk dillerini öwrenýär. Çünki, Humaý geljekde terjimeçi bolmagy maksat edinýär. Has dogrusy, ol terjimeçi bolmak isleginiň uly bolşy ýaly, daşary ýurt dilleri boýunça çagalara sapak bermegi hem arzuw edýändigini aýtdy. Biz hem Humaýyň geljekde ähli arzuwlarynyň wysal boljakdygyna berk ynanýarys. Maksada okgunly Humaý jigimize geljekde uly abraýyň, uly üstünlikleriň eýesi bolmagy arzuw edýäris. Ýörän ýoluň şowly, gadamyň batly bolsun, Humaý!

Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi, uçurym Humaý Hommadowa.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.