Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýat zenanlar bölüminde

22.02.2021

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli dokmaçylaryň arasynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşik yglan edildi.
Golaýda Mary şäheriniň merkezindäki ajaýyp binada — “Bagt köşgüniň” toý mekanynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dokma toplumlarynda zähmet çekýän gyz-gelinler gatnaşdylar.
Bäsleşigiň şertlerine görä, dokmaçylar hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseriniň özlerinde galdyran täsirleri barada buýsançly gürrüň berdiler. Şeýle-de, bäsdeş gelin-gyzlar el işleriniň özboluşludygyny görkezýän gadymy hem-de häzirki zaman nagyşlaryň gelip çykyşyny we döreýşini gyzykly gürrüňleriň üsti bilen beýan etdiler.
Mundan başga-da, bäsleşige gatnaşyjylar eminler tarapyndan tabşyrylan ýumuşy (keşde çekmek, köjüme köjemek, basma basmak, pugtama pugtamak, alaja işmek we şuňa meňzeşler) ýerine ýetirmek, nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary we nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary, öz ýürek buýsançlaryny goşgy setirleriniň, çeper sahnalaryň, aýdym-sazlaryň üsti bilen ýerine ýetirmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler.
Milli öwüşginde bezelen sahnada görkezilen dokma önümleriniň sergisi gelin-gyzlaryň zähmet joşgunyny şöhelelendirdi. Bäsleşigiň dowamynda welaýatymyzyň mahmal owazly zenan aýdymçylarynyň şirin aýdymlary belentden ýaňlandy.
Bir-birinden üstünlikli çykyş eden bäsdeş dokmaçylaryň 3-isi eminleriň beren bahalary netijesinde bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Şeýlelik bilen, Wekilbazar dokma toplumynyň dokmaçysy Gunça Reýimowa 1-nji, Baýramaly şäher dokma toplumynyň dokmaçysy Çynar Hallyýewa 2-nji, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň hil gözegçisi Gunça Allamyradowa 3-nji orunlara mynasyp boldular. Öňe saýlanan ussat dokmaçylara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary we bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
1-2-nji orunlara mynasyp bolan dokmaçylar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bahargül MEJIDOWA. «Maru — şahu jahan».
TZB-niň işjeň agzasy.
SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar.
Suratlary düşüren Azym ŞEKEROW.