Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

16.06.2023

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde, oba hojalyk ulgamy hem günsaýyn pajarlap ösýär. Arkadagly Prezidentimiziň zähmetkeş daýhanlarymyzyň iň amatly, zamanabap şertlerde işlemegi, toprakdan önjeýli hasyl alynmagy, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatda alyp barýan işleri, döredýän mümkinçilikleri aýratyn tarypa mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynda hususyýetçiligi ösdürmek, kärendeçi mülkdarlara döwlet tarapyndan goldawyň yzygiderli berlip durulmagyny üpjün etmek boýunça görkezmeleri netijesinde ýer eýeleriniň hal-ýagdaýy barha gowulanýar.

Gözel Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Murgap jülgesiniň zähmetsöýer daýhanlary hem her güni üstünliklere besläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 32 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatly barýarlar. Guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny artykmajy bilen amal edýän çyn daýhanlaryň sany güngeldikçe artyp gidip otyr.

Şeýle hususyýetçi, telekeçi daýhanlaryň biri barada gürrüň gozgalsa, hökmany suratda Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň ýaşaýjysy Ýusup Babaýewiň ady öňdäkileriň hatarynda tutulýar. Asly daýhan, ýörite bilimli agronom Ýusup aga döwletnama esasynda 99 ýyl möhlet bilen 278 gektar ýeri ulanmaga alyp, meýilnamalaýyn borçnamasyna hötde gelmegi başarýar we bol hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, Ýusup aga 122 gektar meýdanda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdi. Galla oragy möwsüminiň şu günki gyzgalaňly günlerinde bugdaýly meýdanlardan ýygnalan bereket hasyly döwlet harmanyna goşant edildi. Ussat gallaçy Ýusup Babaýew meýilnamalaýyn borçnamasyny 127 göterim ýerine ýetirip, 375 tonna galla almagyň hötdesinden geldi.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Ýusup Babaýew kombaýnçy Güýçmyrat Geldiýew bilen iş pursatynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.