Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Maslahatda

16.06.2023

Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda “Sagdyn jemgyýet, sagdyn durmuş, beýik geljek — Arkadagly Serdarymyzyň baş aladasy” atly maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite tabşyrygy bilen geçirilen bu maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kasymguly Babaýew, şeýle-de, milli parlamentimiziň deputatlary, welaýatymyzyň ýaşululary, kümüş saçly eneler, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, bilim we saglygy goraýyş hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri çykyş etdiler. Maslahatda seredilen esasy mesele hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde orta atylan mesele — ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmagy we temmäki önümleri ýaly, jemgyýetiň sagdynlygyna zyýan ýetirýän serişdeleri düýpgöter ýok etmek barada boldy. Onda çykyş edenler zyýanly endikleri we oňa eýerýänleri ýazgaryp, ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmekde janaýamazakly zähmet çekjekdiklerini aýtdylar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bu zyýanly endikleriň soňuna çykmak barada beren tabşyryklaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şonuň ýaly-da, olar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli bolmaklary we watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda bellediler.

Ýurdumyzda adam saglygyna zyýan berýän temmäki önümlerinden, neşe serişdelerinden daşda durmak üçin düýpli işleri durmuşa geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: maslahatdan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.