Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly watan

01.06.2023

Okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmekde we başlangyç bilimi göwnejaý bermekde yhlasly zähmet çekýän mugallymlaryň biri hem Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň başlangyç synp we iňlis dili mugallymy Ogulsuraý Saparowadyr.

Ogulsuraý mugallym Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, mugallymçylyk kärine eýe bolýar. Mugallym iňlis dili boýunça dürli mekdeplerde okuwçylara bilim berip gelýär. Ol häzirki wagtda ýokarda ady agzalan mekdepde ýaş nesilleriň bilim derejesini artdyrmaga çalyşýar. Ýaş mugallym Watanymyzyň geljegi bolan nesillerimiziň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin jan aýaman zähmet çekýär.

SURATDA: Ogulsuraý Saparowa sapak wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.