Welaýatymyzyň ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi
01.06.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylynyň öndürilmegine netijeli çemeleşilýär.
Gadymy Murgap jülgesiniň ussat ýüpekçileri her bir güni zähmet üstünliklerine besläp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da ýokary netijeleriň eýesi bolup, zähmet ýeňşini gazandylar. Olar şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde gelip, 440 tonnadan gowrak pile hasylyny taýýarladylar we Watanymyzyň kümüş çäjine öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Zähmet üstünliginiň gazanylmagyna, ökdeleriň hatarynda tanalýan Tagtabazar, Baýramaly, Sakarçäge etraplarynyň ýüpekçileri köplere görelde bolup, öz saldamly goşantlaryny goşdular. Ýüpek gurçugynyň tohumçylyk we seçgiçilik işiniň kämilleşdirilmegine ylmy taýdan çemeleşmek bilen, olary agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda idetmek boýunça ähli şertler döredildi. Ýüpek gurçuklarynyň adaty iýmiti bolan tut ýapraklarynyň bolçulygyny döretmek üçin hem guramaçylykly çäreler wagtly-wagtynda durmuşa geçirilýär. Her ýylda tut nahallarynyň müňlerçe düýbi ýetişdirilip, bag ekmek möwsüminde oturdylýar. Öňki bar bolan tut agaçlaryna eýegözin ideg işleri alnyp barylýar. Her möwsümde tut agaçlarynyň peýdalanylmagyna jogapkärli çemeleşýän ussat ýüpekçilerimiz wagtynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň netijesinde ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmitiniň bolçulygyny gazanýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijileri maddy taýdan höweslendirmek babatda tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi bolsa pileçi kärendeçileriň bol pile hasylyny öndürmäge bolan höwesiniň artmagyny üpjün edýär.
Biz hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýokary hilli pile öndürmekde gowy netijeleri gazanan welaýatymyzyň ussat ýüpekçilerine “Harmanyňyza bereket!” diýesimiz gelýär.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.