Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Galla — 2023

15.05.2023

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bu ugurda oňyn netijelerini beren özgertmeleriň birnäçesi durmuşa geçirildi. Indi ak bazarlarymyza barsaň özümizde öndürilen azyk önümleriniň agdyklyk edýändigine göz ýetirýärsiň.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen oba hojalyk toplumyny ýokary derejede ösdürmek, ak bugdaýyň öndürilişini artdyrmak boýunça şöhratly işler durmuşa geçirilýär. Gadymy Murgap jülgesinde ussat gallaçylarymyz şu ýylyň hasyly üçin geçen ýylyň güýzünde 170 müň gektar meýdana bugdaý sepip, özleriniň gujurly zähmeti bilen bol galla hasylyny ýetişdirýärler. Şu günler bugdaýly meýdanlar mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, tümmül suwy tutulýar. Ak ekine zyýan berijilere we kesellere garşy göreş işleri alnyp barylýar. Bugdaýlar boýuny ýetirip tümmüle durdular. Bol hasyla umyt bagladýan, daýhanyň yhlas deri bilen kemala getirilýän ak ekinler şemalyň ugruna tolkun atyp, owadan görnüşi bilen töwerek--daşa gözellik paýlaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak, hasyllylygy artdyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde önüm öndürijiler ýokary hilli tohum, dökün, himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Iň kämil tehnikalardyr kombaýnlar gallaçy kärendeçileriň ygtybarly daýanjy bolup durýar.

Bereket hasylyny ýetişdirýän gallaçy kärendeçiler guşgursak ak bugdaýyň ýekeje dänesini hem yrýa etmän meýdanlardan ýygnap almak üçin aladalanýarlar.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.