Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe

12.05.2023

Esasy Kanunymyz we ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy kadalaşdyryjy hukuknamalar ulgamynda hukuk taýdan iň ýokary güýje eýedir. Şunuň bilen baglylykda onda berkidilen kadalar we düzgünler Türkmenistanyň bütin çäginde hereket edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanunyň rüstemligini ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňdigini, jemgyýetiň gymmatly hazynasynyň adamdygyny, raýatyň abraýyny, mertebesini we azatlygyny döwletiň goraýandygyny beýan edýär. Şeýle hem onda her bir raýatyň kanunlardan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdigi görkezilýär.

Ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýüreginde besläp gelen arzuw-isleglerini, milli häsiýetini, ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän Döwlet baýdagymyz her bir türkmen üçin mukaddes hem ezizdir. Bir bütewi döwletliligiň, özbaşdaklygyň, Garaşsyzlygyň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň buýsanjyna, guwanjyna öwrüldi.

Her bir milletiň, döwletiň jemgyýetçilik aňyna, ruhuna täsir edýän aýratyn tapawutly alamatlarynyň bolşy ýaly, Döwlet baýdagymyz hem halkymyzyň ruhuny ganatlandyrýan nyşandyr, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň we raýatlaryň öz ýurduna bolan buýsanjynyň kepilidir.

Biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň eziz Watanymyzyň rowaçlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, onuň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini dünýä ýüzüne ýaýmak barada jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alyp, işlerimizi täze gerim bilen ýaýbaňlandyrýarys.

Ata Watanymyzy, döwletimizi berkarar edip öz halkyny ak ýollardan ýagty geljege alyp barýan, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň, sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Seýitmyrat ATAMURADOW.
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.