Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi

10.05.2023

Taryhda öz Watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenligi, gaýduwsyzlygy görkezen merdana ýigitlerimizi ýatlamak, olara uly hormat goýmak biziň borjumyzdyr. 1941 — 1945-nji ýyllarda ildeşlerimiziň müňlerçesi deňi--taýy bolmadyk mertlik, gahrymançylyk görkezdi. Olaryň atlary taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýyllar geçer, emma Ýer ýüzünde asuda asmanyň astynda, parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan müňlerçe gerçekleriň gahrymançylygy, edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy häzirki we geljek nesilleriň kalbynda hemişelik galar.

Watanyň mukaddes topragy, asudalygy ugrunda söweşen gahrymanlarymyzyň görkezen edermenlikleri ýaş nesil üçin nusgalyk göreldedir. Halkymyz Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň görkezen taýsyz edermenligini unutmaýar. Il-günümiz ýowuz ýyllaryň synaglaryna döz gelen atalarymyzyň, enelerimiziň hatyrasyny tutup, olaryň mertliginiň, merdanalygynyň öňünde baş egýär. Olar ýüreklerimizde baky ýaşaýarlar.

Häzirki ajaýyp döwrümizde gerçekleriň merdanalyk mekdebini ýörelge edinip, mähriban halkymyz milli gahrymanlaryna guwanýar, buýsanýar. Olaryň hatyrasyna gurlan ýadygärliklere, “Baky oduň” başyna ter gül desselerini goýmak bilen olary sarpalaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu ýylynda hem watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň şanly baýramy bolan Ýeňiş güni egsilmez joşgun, uly dabara bilen bellenilip geçildi. Ýeňiş baýramy parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär. Ol halklaryň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän baýramçylyk dabaralary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde belentden-belent ýaňlanýar.

Her bir güni toý-baýramlara beslenýän Diýarymyzda toýlar-toýlara ulaşsyn!
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: çäreden pursatlar.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.