Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

27.04.2023

Mugallymçylyk kärinde indi 30 ýyla golaý wagt bäri zähmet çekip, uly abraýdan peýdalanýan mugallymlaryň biri-de Gülöwser Mollaýewadyr. Gülöwser mugallym ilki, Daşoguz welaýatyndaky B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebini, soňra bolsa, Döwletmämmet Azady adyndaky Dünýä dilleri institutyny üstünlikli tamamlap, dürli mekdeplerde okuwçylara başlangyç bilim berip hem-de ýokary synplarda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça sapak berdi.

Mugallym häzirki wagtda Baýramaly şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 18-nji orta mekdepde zähmet çekip, yhlas bilen okuwçylara bilim berýär. Ol halypa mugallymlardan okatmagyň inçe usullaryny öwrenip, özi hem halypalyga ýetişen mugallymlaryň hatarynda tanalýar.

SURATDA: Gülöwser Mollaýewa sapak wagtynda.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.