Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
27.04.2023
Bahar paslynyň gelmegi bilen ekin meýdanlarynda işler barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Bugdaý meýdanlarynda ideg işleri giň gerimde alnyp barylsa, ýeralmadyr gök-bakja ekinlerine agrotehniki kadalara görä ideg edilýär.
Türkmen daýhanynyň göz-guwanjy, genji-käni hasaplanylýan gowaçanyň ekişi häzir has hem güýçli depginlerde alnyp barylýar. Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen başlanan ekiş möwsümini guramaçylykly we bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça döwlet derejesinde degerli işler durmuşa geçirilýär.
Welaýatymyz boýunça 162 müň gektarda boldumly pagta hasylyny ýetişdirmek üçin pagtaçy kärendeçiler tehnikalar, ekiji gurallar, ýokary hilli gowaça çigidi we suw bilen doly möçberde üpjün edilýär. Ekiş geçirilýän meýdanlarda işiň esasy bölegi, daýhanyň ýakyn kömekçisi, esasy daýanjy tehnikalar bilen ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminiň ilkinji günlerinde ekilen meýdanlarda ösüp, ýerden saýlanyp gelýän ýaşajyk gowaça nahallary ilkinji buşlukçylar mysaly töwerege bezeg berip otyrlar. Işjanly, zähmetsöýer kärendeçiler ýaşajyk gowaçalara eýegözin ideg işlerini agrotehniki kadalara görä alyp barýarlar. Tehnikanyň kömegi bilen hatar aralary ýumşadylyp, otag, ýekeleme işleri geçirilýär.
“Irki ekiş — irki utuş” diýlişi ýaly, ekişi irki möhletlerde geçirmegi meýilleşdirýän pagtaçy kärendeçileriň ümzükleri öňe. Welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özleri üçin edýän aladalaryna jogap edip, billerini berk guşap, ekiş möwsümini wagtynda tamamlamak üçin jan aýaman zähmet çekýärler.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.