Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Saglygym-baýlygym

27.04.2023

Ýer ýüzünde welosipedi dolandyryp bilmeýän ýa-da onda aýlanmagy, seýil etmegi halamaýan adam, megerem, azdyr. Nähili bolanda-da, welosport özüniň meşhurlygyny hiç wagt gaçyrmaýar. Çünki, onda gezelenç etmek adamyň saglygyna örän peýdaly hem-de wagtyňy hoş geçirmek üçin-de ýakymlydyr. Welosipedi biz iki tigirli lukman diýip atlandyrsak hem bolar. Çünki, ol adam saglygyna örän peýdaly hasaplanylýar we adam bedenindäki ähli organlary herekete getirýär. Ynsan saglygyna welosipediň ýetirýän täsiri şulardan ybarat:

Welosipedli gezelenç edeniňde ýa-da hereketsiz welotrenažýorda maşk edeniňde, ýürek myşsasy hereket edýär we damarlary berkidýär hem-de arterial basyşy peseldýär.

Haýal tizlikde gezelenç etmek nerw ulgamynyň rahatlygyna, stres ýagdaýynyň durnuklylygynyň ýokarlanmagyna, gözýetimiň giňemegine we adamyň bar bolan aladalaryndan daşda durmagyna getirýär. Welosipedli ýokary tizlikde gezelenç etmek öýkendäki howa çalşygyny gowulandyrýar, işjeň dem almaklyga getirýär.

Iki tigriň üstünde aýlanylan wagty adamyň bedenindäki köp myşsalar hereket edýär. Ilkinji nobatda, adamyň aýagy hem-de bili hereketde bolup, yzygiderli aýlanmaklygyň netijesinde bu organlaryň bogunlarynyň berkemegine ýardam edýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Maýsa HOJAMYRADOWA.
TDEI-niň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.