Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Türkmenistan - sagdynlygyň ýurdy

07.04.2023

Saglyk ulgamy boýunça ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda uly işler bitirildi we häzirki wagtda-da şol beýik başlangyçlar giň gerimde alnyp barylýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şeýle-de, ýurdumyzyň çäginde hereket edýän, öňden bar bolan saglyk merkezleridir öýleriniň durky düýpgöter täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagy saglyk ulgamynda zähmet çekýän ak ýektaýly lukmanlarymyzy diýseň begendirýär.

Ynsan saglygyny goramak üçin lukmanlar tarapyndan uly işler ýola goýulýar. Muňa ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri hem doly şaýatlyk edýär. Şol çärelerde eli ýeňil lukmanlar raýatlarymyza degerli maslahatlary berýärler. Şeýle-de, dürli kesellere garşy göreşmek hem-de olaryň öňüni almak bilen baglanyşykly biraýlyklar, hepdelikler geçirilýär. Şol döwürlerde saglygy goraýyş işgärleri täsirli çäreleri guraýarlar.

Bulardan başga-da, ýurdumyzda Bütindünýä donor güni, Bütindünýä saglyk güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni dünýäniň ähli künjeginde bellenilip geçilýär. Biziň ýurdumyzda bu güne aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da Bütindünýä saglyk güni uly dabara bilen bellenilip geçirýär. Umuman aýdanymyzda, aprel aýy “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň” aýy hasaplanylýar. Bu aýyň dowamynda ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän maşklar ýerine ýetirilýär, welosipedli ýörişler, sport ýaryşlary yzygiderli guralýar.

Bütindünýä saglyk gününde welosiped sportuna aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda, şol sanda biziň welaýatymyzda-da welosipedli ýöriş guralýar. Ol gün uzak aralyga welosipedli ýöriş edilip, ajaýyp aýdym-sazlara giň orun berilýär. Bu bolsa, hemmeleriň baýramçylyk şowhunyny artdyrýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny belende galdyrmakda, ynsan saglygyny goramakda, türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde Gahryman Arkadagymyzyň alyp baran beýik başlangyçlaryny dowam etdirip, ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidi üçin irginsiz aladalanýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Goý, hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.