Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

20.02.2021

Gülläp ösýän Türkmenistan döwletimizde okuwçy ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem okuwçylaryň ukyp--başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär.
Ýakynda Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdepde etrabyň 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Etrap bilim bölüminiň gurnamagynda geçirilen bäsleşik bäş ugur boýunça bolup, okuwçylaryň ukyp-başarnygyny açmaga mümkinçilik döretdi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylar mähriban Watanymyzyň ösüş ýollaryny, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wasp edýän goşgulary düzmek we labyzly okamak, «Parahat dünýä» ady bilen surat çekmek, robot tehnikasyny ýasamak, modilirleme grafika ugurlary boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle hem türkmen milli el işleri boýunça ýaryşdylar.
Her ugur boýunça gatnaşan okuwçylar özleriniň taýýarlan çykyşlaryny ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Goşgy düzmek we labyzly okamak ugrunyň mekdebiň dabaralar merkezinde geçirilip, aýdym-sazlar bilen utgaşdyrylmagy bäsleşigiň täsirliligini artdyrdy. Bäsleşige her ugur boýunça eminler topary gatnaşyp, okuwçylaryň eden çykyşlaryna, taýýarlan işlerine netijeli baha bermek bilen ýeňijiler saýlanyldy.
Bäsleşikde türkmen dili ugry boýunça 8-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Tirkişmyrat Bekiýew, modilirleme grafika ugry boýunça 23-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýsenem Täçliýewa, surat çekmek ugry boýunça 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Oguljemal Işangulyýewa, robot tehnikasy ugry boýunça 10-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Guwanç Kakajanow ýeňiji boldular. Şeýle hem etrapdaky 9-njy ortas mekdebiň 8-nji synp okuwçysy «Ruhubelent» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Güller» tikin gurnagynyň agzasy Ejegül Çokgaýewa el işi boýunça ýeňşe mynasyp boldy.
Ýeňiji bolanlara etrap bilim bölüminiň diplomy we TMÝG- -niň etrap geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Durdynabat BAÝRAMOWA. «Maru — şahu jahan».
SURATDA: bäsleşigiň geçişinden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.