Sport. Sport. Sport.
31.03.2023
23-nji martda badalga alan sportuň futbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryş 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirildi. Tapgyrlaýyn geçirilen ýaryş diýseň gyzykly hem çekeleşikli geçip, oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň futbol toparlary gatnaşdylar.
Toparlar “A” we “B” toparçalara bölünip ýaryşdylar. Birnäçe günläp dowam eden ýaryşyň ýakynda jemleýji duşuşyklary geçirildi. Biziň welaýatymyzyň ýaş futbolçylary hem bu ýaryşa gatnaşyp, öz erjelliklerini, ussatlyklaryny görkezdiler. Ýaryşda “Aşgabat” 1-nji, “Batly” 2-nji, “Mary” 3-nji orunlara mynasyp bolmagy başardylar.
“Mary” futbol topary ilkinji ýaryşlarda öňe saýlanmagy başardy. Has takygy, “Mary” “Ahal” toparyny 5:0 hasabynda utdy, “Balkan” toparyndan 3:2 hasapda üstün çykmagy başardy. “Marynyň” “Aşgabat” topary bilen bolan duşuşygy 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýarym finalda “Mary” “Batly” bilen duşuşyp, oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy, penalti urgularynda bolsa “Batly” “Mary” bilen duşuşygy 7:6 hasapda ýapdy. “Lebap” bilen bolan ýarym final duşuşygynda “Mary” esasy wagtda 0:0, penalti urgularynda bolsa, 4:3 hasabynda oýny jemledi. Netijede, “Marynyň” ýaş futbolçylary bürünç medala — baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular.
Şeýle üstünlik tälimçiler Muhammet Mollaýewiň, Gurbanmuhammet Gurbanmuhammedowyň, Akmyrat Jumanazarowyň çeken zähmetleriniň ýerine düşendigini aýan etdi. Bu üstünlik diňe bir tälimçileriň däl, eýsem, welaýatymyzyň abraýyna uly goşant boldy.
“Marynyň” ýaş hem erjel oýunçylary, sizi bu ýeňşiňiz bilen gutlaýarys!
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: «Mary» toparynyň oýunçylary.
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.