Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

31.03.2023

Bagtyýar çagalygyň ýurdy diýlip, giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda körpeleriň zehinine, ukyp-başarnygyna uly üns berilýär.

Ýurdumyzyň zehinli çagalaryny ýüze çykarmakda ýylyň-ýylyna şatlyk-şowhuna beslenilip geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» ýaly bäsleşikleriň ähmiýeti örän uludyr.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşige gatnaşan gyzjagazlaryň hatarynda Tagtabazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Akpamyk Satlykowanyň adyny buýsanç bilen agzamak bolar. Akpamyk ýokarda ady agzalan bäsleşigiň etrap, welaýat tapgyrlarynda baýrakly orunlary eýeläp, ene-atasyny, dogandyr jigilerini, mugallymlaryny, deň-duşlaryny diýseň, begendirdi. Aýratynam, onuň bäsleşigiň döwlet tapgyrynda baş baýraga mynasyp bolmagy has-da buýsandyryjy waka boldy.

Hemmeleri mahmal owazyna maýyl edýän Akpamyk jigimiz indi üç ýyl töwerek wagt bäri Tagtabazar etrabynyň «Bägül» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Joşgun» aýdym-saz gurnagynyň agzasy. Zehini çaga kalbynda möwç urýan Akpamyk çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Bägül» aýdym-saz gurnagynyň gurnak ýolbaşçysy Güljemal Hojagulyýewadan aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny uly höwes bilen öwrenýär. Güljemal mugallymyň yhlasy bilen Akpamygyň çagalykdan ýüreginde beslän süýji arzuwlary hasyl boldy. Hawa, çagalygyň bagtyýar günlerini başdan geçirýän, aýdym-saz dünýäsinde ganat ýaýýan Akpamyk jigimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda üstünlikden paýly boldy. Akpamygyň bu üstünligi diňe bir onuň bilim-terbiýe alýan bilim ojagynyň, ýa-da bolmasa, döredijilik öýüniň däl, eýsem, bütin welaýatymyzyň abraýyny belende göterdi. Aýdym-saza höwesjeň Akpamyk 2022-nji — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň etrap tapgyrynda 1-nji orny eýelemegi başarypdy. Onuň aýdym-saz sungatyndan daşary çeper okaýşa we milli el işlerine bolan höwesi hem örän uly. Ol alajalaryň birnäçe görnüşlerini, gülli jorapdyr çokaýlary örüp bilýär.

Akpamyk jigimiz, haçan-da, aýdym aýdanda jana ýakymly owazy bilen ýüreklere ylham paýlaýar. Onuň näzik duýgularyňa täsir edýän ýakymly, mylaýym sesi bar. Çagalykdan aýdym-sazy özüne hemra edinen bu zehinli gyzjagazyň sungata bolan yhlasy, söýgüsi ony juda bagtyýar edýär. Ol «Arkadagly Watanym», «Arkadagly Serdarym», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar», «Watanym», «Ak mekdebiň gujagynda», «Mekdebim», «Ýazlarym bar», «Eneleriň ýylgyrşy» ýaly we başga-da birnäçe şirin aýdymlary bilen baýramçylyk dabaralarynda yzygiderli çykyş edip gelýär.

Biz hem şirinden-şirin aýdymlary bilen eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, bagtyýar çagalygy joşgunly wasp edýän, döwrüň saýrak bilbili Akpamyk jigimize mundan beýlägem uly üstünlikleri arzuw edýäris! Goý, owazyň hemişe belent bolsun, Akpamyk!

B. JUMADURDYÝEWA.
SURATDA: döwrüň saýrak bilbili Akpamyk Satlykowa.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.