Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

31.03.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny özgertmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini has hem ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” obasenagat toplumyny ösdürmekde täzeçe çemeleşmäni aňladýar.

Oba hojalygyny ykdysadyýetiň girdejili pudagyna öwürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylýar. Ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işlere kuwwatly itergi berilýär. Oba hojalyk pudagy senagat üçin zerur bolan çig mallaryň üpjünçiligini ýola goýýar. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün edýär.

Pagtaçylyk toplumy esasy islegli ugurlaryň biri bolup durýar. Pagta çig maly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn goşant goşýar. Bu bolsa “ak altynyň” has-da köp öndürilmegine esas bolýar.

Welaýatymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji martynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen täze hasylyň düýbüni tutmak üçin gowaça ekişine badalga berildi. Welaýatymyzyň pagtaçylary hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp 162 müň gektardan 359 müň tonna pagta öndürmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň ümzükleri öňe.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.