Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

21-22-nji mart — Milli bahar baýramy

18.03.2023

Nowruz baýramynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde bu baýramyň naýbaşy tagamy bolan semeni taýýarlanylýar. Her ýyl Nowruz golaýlaberende, obadaşymyz Täzegül daýzalara baryp, milli tagamymyz bolan semenini haçan taýýarlajakdygyny soraýaryn. Şonda ol: «Nowruza çenli semenimiz taýýar bolar, gyzym. Sen arkaýyn bolaýgyn» diýýär. Diýşi ýaly, her ýyl goňşy-golamlar bilen üýşüp, Täzegül daýzanyň görkezmeleri bilen semeni taýýarlamak işi başlanýar. Men Täzegül daýzadan semeni taýýarlamagyň inçe syrlaryny soramda ol şeýle jogap berdi:

— Könelerimiz: «Duzsuz bişen aş gördüm” diýip matal döredipdirler. Şol matalyň jogaby semenidir. Semenini meniň mamam pahyr hem bişirerdi. Bizem ulugyzlygymyzdan mamamyň ýanynda bolup, her gezek semeni bişirende görüp, onuň inçe syryny öwrendik. Aslynda, ilki bilen, semeni taýýarlanyljak dok bugdaýy saýlap almaly. Ony arassalap, ýuwup, agzy giň gapda 2-3 santimetr galyňlykda ýaýradyp, her gün çyglap durmaly. Bugdaý şeýdip idedilýärka, hiç kim şol ýerik barmaly däl. Bugdaý şineläp başlansoň, onuň baldaklary ösüp, çala gök öwsüp ugrandan ony alyp, üç gezek dagy üwäp, suwuny almaly. Sykylyp alnan şireli süýjümtik suwy gazana ataryp, möçberine görä un, azajyk ýag goşmaly. Gaýnap başlan semeni entek goýalyşmanka, zol çogmak bilen bolýar. Şonuň üçin ony yzygiderli bulap durmaly. Semenili gazany bulan adam öz isleg-arzuwyny aýdyp bulaýar. Semenä ýedi gezek suw guýulýar. 10-12 sagatdan soň taýýar bolan semenili gazanyň üstüni basyryp goýýarlar we ertesi säher bilen açýarlar. Şonda onuň ýüzünde dürli öwüşginli keşpler peýda bolýar. Şol nagyşlara bolsa, Äşe-Patmanyň barmagynyň yzy diýlip düşünilýär...

Dogrudan hem, Täzegül daýzanyň aýdyşy ýaly, semenä «Äşe-Patmanyň aşy” diýilmeginiň sebäbi hem, şondan gelip çykan bolmaly. Semeni taýýarlananda goňşy-golamlar, tanyş-bilişler üýşüp kömek berýärler, gülşüp-degişýärler. Aýdym-sazy ýaňlandyryp, tans edýärler. Semeni taýýarlamak gaty hysyrdyly iş. Köpçülik üçin ýörite nahar taýýarlanylyp, pişmedir çapady, unaşdyr palaw ýaly milli tagamlar hem taýýarlanylýar. Şol gün şol öýde guralan şüweleňiň esasy janköýerleri bolsa, elbetde, çagalar bolýar. Bu ýagdaý bolsa, ynsanlary biri-birine ysnyşdyrýar, jebisleşdirýär. Nowruzda ýedi sany milli tagam bişirilýändigi çagalygymyzdan aňymyzda galypdyr. Bilşimize görä, olar: semeni, ýumurtga börek, towuk we goýun etinden çorbalar, mäşewe, palaw, unaş, noýbaly naharlar bolmaly. Semeni — — şol tagamlaryň naýbaşysy, Nowruzyň bezegidir!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda milli baýramçylyklarymyzy bellemäge giň mümkinçilikler bar. Milli baýramlarymyzyň bezegi bolsa, milli tagamlarymyzdyr. Goý, her bir ojakda toý bolsun! Eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Aýjemal BABAGULYÝEWA.
Murgap etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň mugallymy.