Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Azyk bolçulygyna goşant

01.03.2023

Ömrüni daýhançylyga bagyş edip, ýeriň diline düşünýän, daýhançylykdan bereket tapyp, hormat-sylaga mynasyp bolan ýer eýeleriniň hatary wagt geçdigisaýyn giňeýär. Il içinde tanalýan, ýerden bol hasyl alyp, belent mertebä eýe bolýan daýhanyň biri-de Murgap etrabynyň “Çäçdepe” daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Gurbangeldi Hasanowdyr. Gurbangeldi aga biregne 35 ýyldan gowrak wagt bäri tutanýerli zähmeti bilen ak bugdaýyň we “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdirip, ýokary görkezijilere eýe bolup gelýär. Ol, 2020-nji ýyldan bäri bolsa 30 gektardan gowrak ekin meýdanyny şertnama esasynda 99 ýyllyk möhlet bilen kärendesine ulanmak üçin resmileşdirdi. Maşgala agzalarynyň ýakyndan kömek bermegi bilen ýylyň-ýylyna ene toprakdan bol hasyl almagy başarýan Gurbangeldi aga pagtadyr bugdaýy, gant şugundyryny ekip, ekin çalşygy esasynda topragy gurplandyrýar. Ekinlere eýegözin ideg edýär.

Kärendeçi daýhanyň şu günler ekin meýdanynda alyp barýan işleri bilen tanyşmak üçin baranymyzda Gurbangeldi Hasanowa baglara timar berip duran pursaty gabat geldik.

— Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin edýän taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp tutanýerli zähmet çekip, arman-ýadaman işleýäris. Siziň görýän bagyňyzda erik, şetdaly, alma, garaly, ülje, alça, saraly ýaly miweli agaçlaryň saýlama hem sapma görnüşleriniň ýüzlerçe düýbi öz datly miwelerini eçilýär. 2,5 gektar meýdany eýeläp oturan bu bagçylykda bal arylarynyň hem onlarça maşgalasyna ideg edýäris. Bu işleriň daşyndan öz şahsy hojalygymda, iki sany ýyladyşhanada pomidordyr hyýaryň, bolgar burçdur badamjanyň bol hasylyny ýetişdirip, elýeterli bahalardan ak bazarlarymyzda ýerleýäris. “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýlişi ýaly, bularyň hemmesi maşgala girdejimize saldamly goşant bolýar.

Ýurdumyzda daýhanlaryň önjeýli zähmet çekmegi, ene toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli işleri rowaç bolsun! — diýip, kärendeçi Gurbangeldi aga öz ýürek buýsanjyny beýan edýär.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: kärendeçi Gurbangeldi Hasanow öz bagynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.