Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýat zenanlar bölüminde

01.03.2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly dabara bilen belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde halyçy zenanlaryň arasynda «Arşyň nepisligi» atly bäsleşigi yglan etdi.

Golaýda Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly önümhanasynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjy halyçy zenanlar «Syrlar siňen nepislik», «Gözelligi döredýän eller», «Gözellik dowamaty» ýaly şertler boýunça eneli-gyz, gaýyn--gelin, ýeňňe-baldyz, eltiler we joralar bolup türkmen halysynyň waspyny çeper beýan etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplar esasynda türkmen milli el halylarynyň we haly önümleriniň taryhyndan, bäş welaýata degişli bolan haly göllerinden, haly sungaty bilen baglanyşykly gadymy rowaýatlardan buýsançly gürrüň berdiler. Bu ýerde welaýatymyzyň zenan aýdymçylarynyň ýerine ýetiren şirin aýdymlary göwünlere ganat baglady.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä, has tapawutly çykyş eden halyçylar ýeňiji diýlip yglan edildi. 1-nji orna Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly önümhanasynyň halyçylary Gunça Garryýewa, Hurmagözel Gylyjowa, 2-nji orna Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary önümhanasynyň halyçylary Sabyr Meredowa, Jemile Gurbanowa, 3-nji orna Baýramaly etrabynyň ýaşaýjylary, halyçylar Ogultäç Annaýewa, Aýnagözel Pirliýewa mynasyp boldular. Ýeňijilere TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. 1-nji orny eýelän halyçylar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATDA: bäsleşikden pursat.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.