«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda
17.02.2023
Hemişe däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine «Arkadag» adynyň dakylmagy mynasybetli eziz Watanymyzyň hem-de halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän zenanlaryň arasynda «Ýylyň zenany» bäsleşigini yglan etdi. Zenanlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen ýylyň-ýylyna yglan edilýän bu bäsleşik welaýatymyzda-da uly ruhubelentlige beslendi.
Mary şäherindäki «Aý laçyn» toý-dabaralar mekanynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirilip, oňa dürli kärlerde zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin», «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde ýedi ugur boýunça çykyş eden her bir zenan özüniň ukyp-başarnygyny açyp görkezdi.
Netijede, ýokarda görkezilen ugurlara degişlilikde Mary şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň baş lukmany Amandursun Orazmuhammedowa, Wekilbazar etrabynyň A. Gandymow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy, mährem ene Enejan Altyýewa, Türkmengala etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Senem Berdiýewa, harby bölümiň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, kapitan Maýagözel Arnajumaýewa, Sakarçäge etrabynyň Gumgüzer geňeşliginiň ýaşaýjysy, kärendeçi Şemşat Rahmanowa we Mary şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Maýsa Anzarowa ýeňiji boldy we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ýeňijilere TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlarydyr höweslendiriji baýraklary we gül desseler dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATLARDA: bäsleşigiň geçişinden pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.