Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

20.02.2021

Murgap etrabynyň Hyrslan Jumaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri Watanymyza ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrmak ugrunda aladalanyp, şu günler agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işlerini alyp barýarlar. Hojalykda bugdaý, gowaça, gant şugundyry ekin dolanyşygy esasynda ekilýär. Toprakdan bol hasyl almagyň girewini kärendeçiler işe bolan höwesiň bilen birlikde ekin dolanyşygynyň alnyp barylýandygynda görýärler.
Daýhan birleşiginde «Daýhan— — mert, ýer — — jomart» diýlenine eýerip, jomart ýeriň dilini tapyp, toprakdan bol hasyl öndürmegi başarýan kärendeçilerden Muhammetbaýram Mämmedowy, Şaguly Jumaýewi, Gülşemşat Hümmedowany agzamak bolar.
TAP-nyň etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ogulnäzik Mukymowa hem-de H. Jumaýew geňeşliginiň arçyny, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Täjigözel Gurbangeldiýewa bilen daýhan birleşiginiň kärende ýerlerine aýlananymyzda, ideg işleriniň göwnejaý alnyp barylýandygyna göz ýetirdik. Bir ýanyňda kärendeçiler zähmet çekip işläp ýören bolsa, beýleki gapdalyňda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp berýän tehnikalary bilen iýmitlendiriş işleri geçirilýär. Iýmitlendiriş işlerini geçirmekde tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary Mekan Atdaýew, Süleýman Hanalyýew ýakyn ýardamçy bolýarlar. Ak ekinli meýdanlara aýlananymyzda kärendeçi Täzegül Soltanowanyň ýanýoldaşy Kakamyrat Soltanow bilen zähmet çekip ýören pursatyna gabat geldik. Täzegül Soltanowa hojalykda işine ussat, öz kärdeşlerine görelde bolmagy başarýan kärendeçileriň biri. Onuň 8 gektar kärende ýeri bar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň orak möwsüminde bol hasyl almak üçin ýere tohum sepen gününden bäri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda idegini ýetirýär. «Yhlasly zähmet — gowy netije» diýlişi ýaly, Täzegülüň yhlasly zähmetiniň ýerine düşjekdigine şu günlerdäki ýaşyl maýsalar hem güwä geçýär. Kärendeçi zenan toprakdan bol hasyl öndürip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barmagy maksat edinýär.

D. GELDIMYRADOWA.
„SURATDA: kärendeçi Täzegül Soltanowa ýanýoldaşy Kakamyrat bilen ekin meýdanynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.