Azyk bolçulygyna goşant
10.02.2023
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş--durmuş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda bimöçber uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen tutumly, döwlet ähmiýetli işleriň bady artýar.
Milli ykdysadyýetimiziň obasenagat pudagyny, esasanam, onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, aýratyn-da, hususyýetçiligi ösdürmäge düýpli maýa goýumlary bölünip berilýär we iş ýüzünde özleşdirilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, azyk bolçulygyny döretmäge türkmen telekeçileri öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ösen tehnologiýaly döwrebap kämil önümçilik toplumlaryny gurýarlar. Ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň ösmegi bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň desterhanlary ýylyň bütin dowamynda ýokary hil derejeli, ýokuma baý gök-bakja, miwe önümleri bilen üpjün edilýär. Şeýlelikde, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilip, täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär.
Golaýda biziň döredijilik toparymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, guramaçy telekeçi Bazargeldi Ataýewiň “Mähriban obam” hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumynyň işi bilen tanyşmak üçin iş saparynda boldy. Ýyladyşhana toplumy Sakarçäge etrabynyň “Akýap” daýhan birleşiginiň ekin meýdanynyň çäginden bölünip berlen 26 gektar ýer böleginde gurlupdyr. Häzirkizaman, ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen, kämil kompýuterler bilen sanly ulgam arkaly dolandyrylýan ýyladyşhana toplumy 8 gektar meýdany tutýar.
Bu ýerde, esasanam, uly islegden peýdalanýan pomidoryň boldumly hasyly ýetişdirilýär. Kuwwaty ýylyň dowamynda 1800 tonna pomidor hasylyny ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhana toplumynyň agzybir, zähmetsöýer işgärleri ýadawsyz zähmet çekýärler.
— Biziň ýyladyşhana toplumymyzyň açylanyna kän wagt geçmedik hem bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda telekeçilere berilýän uly goldawlardan ruhlanyp, her günki çekýän zähmetimizi ýokary üstünliklere besleýäris we çeken zähmetimiziň rehnedini hem görýäris. Ýyladyşhanada ýetişdirilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa pomidorlar diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Biziň üçin plastmass gaplaryň özümizde öndürilip başlanmagy we özümizden artyk öndürilýän böleginiň isleg bildirýän alyjylara satylmagynyň hem goşmaça girdejiniň alynmagyna peýdasy degýär — diýip, ýyladyşhananyň agronomy, ýaş hünärmen Güljeren Ezizowa joşgunly gürrüň berýär.
Ýyladyşhananyň agzybir, işjanly hünärmenleri halal zähmet çekip, bol hasyl almaga we önümçilik kuwwatlylygyny ösdürmäge döredip berýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tükeniksiz hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: işçiler Ogulbagt Nazarowa bilen Ejegül Baýmuhammedowa; agronom Güljeren Ezizowa bilen işçi Baýramgül Şageldiýewa.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.