Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Muzeý tapyndylaryna goşant

10.02.2023

Hormatly Prezidentimiziň taryhy, medeni we muzeý gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary geljek nesillerimize miras goýmak hem-de taryhy maglumatlar bilen halk köpçüligini tanyşdyrmak barada öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň taryha baý ýerlerinden gadymy döwürlere degişli taryhy gymmatlyklar ýüze çykarylýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biziň welaýatymyzyň hem taryha baý ýerlerinden has irki döwürlere degişli diýlip çaklanylýan, muzeý gymmatlygy bolan altyn teňňe ýüze çykarylyp, welaýatyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy. Gadymy Merwiň ýadygärlikleriniň çäginde ýüze çykarylan bu taryhy gymmatlyk halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, dünýä medeniýetiniň we taryhynyň genji-hazynasyna hem uly goşant bolan gymmatlykdyr. Munuň özi taryhy köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan Gadymy Merw topragynda irki döwürlerde ylmyň, senetçiligiň, zergärçiligiň we söwda gatnaşyklarynyň ösendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň döwlet mähekleýiş edarasynyň hünärmenler toparynyň geçiren seljerme-delilnamasyna görä, ýüze çykarylan bu taryhy gymmatlyk sary reňkli, metal görnüşi altyndan bolup, onuň iki tarapynda hem arap harplarynda ýazgylar bar. Altyn teňňäniň agramy 4,25 grama barabar bolup, ol Arap Halyflygynyň VII — X asyrlarynda zikgelenen diýlip çaklanylýar.

Bu taryhy gymmatlygyň welaýatymyzyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrylmagy muzeý işgärlerinde uly şatlyk duýgusyny döretdi. Has takygy, bu altyn teňňe muzeýiň arheologik gymmatlyklaryny has-da baýlaşdyryp, bu ýerde ozalky bar bolan taryhy gymmatlyklaryň üstüni ýetirdi.

Milli gymmatlygyň ähmiýetini ylmy esasda öwrenmäge, muzeýiň hazynasyny has-da baýlaşdyrmaga, gözümiziň göreji deý gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagly Arkadagymyzyň, Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Merdan ATAÝEW.
“Maru — şahu jahan”.