Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýat häkimliginde geçen maslahat

10.02.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýokary zähmet üstünliklerine beslenip, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy wakalar giň gerime eýe bolýar. Şeýle wakalaryň birem şu ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisidir. Bu taryhy mejlis jemgyýetimizde uly gyzyklanma döretdi.

Golaýda welaýat häkimliginde geçen “Türkmenistanyň Halk Maslahaty — agzybirligiň we abadançylygyň kämil nusgasy” atly hoşallyk maslahaty hem ady agzalan mejlise bagyşlanyldy. Dabaraly maslahata welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, etraplaryň, şäherleriň häkimleri we orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda ilki bilen welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew giňişleýin çykyş edip, bilelikdäki mejlisiň ähmiýeti, onda kabul edilen taryhy çözgütler dogrusynda durup geçdi. Soňra maslahatda Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Hezretguly Öwlüýägulyýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Baýramaly şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy Amandursun Salyhowa, “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarygulyýewa, TDEI-niň mugallymy Halymberdi Hajyýew we beýlekiler çykyş etdiler.

Maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan wajyp meseleler, olar boýunça kabul edilen kararlary we çözgütleri durmuşa geçirmegiň wezipeleri barada durup geçdiler. Hoşallyk maslahatynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglygyny, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Maslahatyň ahyrynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri şirin aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Hoşallyk maslahatyna gatnaşanlar tarapyndan Ýüzlenme kabul edildi.

A. Baýramow.
SURATLARDA: hoşallyk maslahatyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.