Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sanly ykdysadyýet

03.02.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işler alnyp barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň mundan buýana depginli ösüşini üpjün etmek üçin ilkinji nobatda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen bagly wezipäni gysga döwrüň içinde üstünlikli çözmegiň zerurdygy öňe sürýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşine badalga berildi. Bu Konsepsiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdirilen maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna möhüm ugurlar boýunça çäreler işjeň ýaýbaňlandyrylýar.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär, döwlet edaralaryny elektron resminama ulgamyna geçirmegi işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Şonuň bilen baglylykda, edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ýörite programma üpjünçiligini taýýarlamak boýunça anyk işleriň giň toplumy ýerine ýetirilýär. Bu Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň oňyn netijeleri berýändigine biz özümiziň gündelik durmuşymyzda göz ýetirýäris. Halk hojalygynyň ähli ugruny — önümçilik bilen bagly pudaklary, hyzmat ediş ulgamlaryny, ylym-bilim edaralaryny we beýleki ugurlary sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler amallary ýerine ýetirmek üçin sarp edilýän wagtyň tygşytlanylmagyna, işiň hiliniň ýokarlanmagyna, netijeliliginiň artmagyna ýardam edýär.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy, täzeçil, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň döredilmegi barada uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan halk bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Şatlyk ANNABERDIÝEW.
TDEI-niň mugallymy.