Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda okuw — maslahat geçirildi

03.02.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi ýurdumyzyň gazanan ýeňişli üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini wagyz etmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Golaýda TZB-niň Merkezi Geňeşiniň guramagynda TZB-niň Merkezi Geňeşiniň işini kämilleşdirmek, ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen TKA-nyň Milli Merkeziniň «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde okuw-maslahat geçirildi. «Ösüşlere beslenen täze döwrüň buýsançly zenanlary» diýlip atlandyrylan bu okuw-maslahata Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan dürli kärlerde zähmet çekýän zenanlaryň, aýratynam, telekeçi zenanlaryň — TZB-niň geňeş we işjeň agzalarynyň, ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklarynyň, şeýle hem kümüş saçly mährem eneleriň ençemesi gatnaşdy.

Ýanwar aýynyň 24 — 26 aralygynda geçirilen okuw-maslahatyň çäklerinde TZB-niň Merkezi Geňeşi we TZB-niň Balkan welaýat zenanlar bölümi tarapyndan aýdym-sazly dabaralar, gezelençler, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlikler we milli gymmatlyklarymyzy, el işleri bilen bezelen lybaslarymyzy şöhlelendirýän sergiler guraldy. Şeýle hem Awazanyň jana şypaly kenarynda Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlary hem-de çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň körpeleri türkmeniň milli tansy — ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» tansyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Maslahata gatnaşyjylaryň «Küştdepdi» tansyna goşulmagy toý şatlygyny döretdi, deňiz tolkunlaryny has-da joşdurdy.

Medeni çärelerde zenanlaryň ýürek buýsançlaryna giň orun berildi. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçen syýasy we taryhy wakalar barada — Ahal welaýatynyň gözel künjeginde Arkadag şäheriniň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy we Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde kanun tarapyndan ykrar edilmegi barada täsirli gürrüň etdiler. Çykyşlarda ösüşli ýurdumyzda zenanlaryň okamagy, döretmegi, gurmagy, zähmet çekmegi üçin ähli şertlere giň ýol açýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna zenan kalbyndan syzylyp çykýan alkyşly sözler joşgunly ýaňlandy.

Üç günläp dowam eden okuw-maslahatda TZB-niň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Enemjan Orazowa, şol bölümiň baş hünärmenleri Ogulgerek Gandymowa, Näzik Hapyzowa, Şemşat Setdarowa 2022-nji — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda TZB-niň Merkezi Geňeşiniň durmuşa geçiren işleri barada hasabat bilen çykyş etdiler. Mundan başga-da, maslahatda Aşgabat şäherinden, welaýatlardan TZB-niň geňeş we işjeň agzalary, ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary hem çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren nusgalyk gyzyl kürtesi, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyndan görnükli orun alan türkmen keşdeçilik sungaty, arassa ahlaklylyk, edep-terbiýe, öýde hem-de köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmak we milli geýinmek medeniýeti, çaga terbiýesi, umuman, zenanlar bilen baglanyşykly meseleler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.

Ýokary guramaçylykly geçirilen okuw — maslahata gatnaşan zenanlara birek-birek bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga, dostlaşmaga, doganlaşmaga giň mümkinçilikleriň bolandygyny bellemek örän ýakymlydyr. Zenanyň içki dünýäsindäki täsinlikler biziň her birimizde ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrdy we belent duýgulary oýardy.

Goý, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan zähmetsöýer, işewür, gujur-gaýratly zenanlarymyzyň, hemmämize görüm-görelde bolýan mähriban enelerimiziň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryş, ýüreklerindäki şatlykly duýgular egsilmesin!

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATLARDA: okuw-maslahatdan pursatlar.