27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni
27.01.2023
Ýurt asuda, parahat bolan ýerinde halk bagtyýar bolýar. Watanyň ösüşinde belent sepgitlere, uly özgerişlere eýe bolunýar. Munuň şeýle bolmagy üçin döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly alada edilýär. Eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde arkaýyn ýaşamagy üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda bimöçber işler alnyp barylýar. Watan goragçylarynyň ata Watanymyzy gülletmegi, gorap saklamagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzyň goragçylary hem öz gezeginde üstüne düşýän jogapkärçilige aňryýany bilen düşünip, türkmen halkynyň her bir gününiň parahat bolmagy üçin gije-gündiz Watanymyzy goraýarlar. Ýaş nesillerimiz Watan öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmek üçin harby gulluga gidip, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize, türkmen halkyna jany-teni bilen gulluk edýärler. Bu bolsa, ýaşuly neslimiziň wekillerini has-da buýsandyrýar. Olar şeýle mert, merdana ogullary ösdürip ýetişdirendiklerine diýseň begenýärler.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, indi ençeme ýyldan bäri ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ol günde Watan goragçylarynyň şanyna aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary guralýar. Şeýle-de, ýylyň-ýylyna Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewiligini we konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Olara harby we ýörite atlar dakylýar hem-de hünär derejeleri berilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylýar. Bu bolsa Watan goragçylarynyň çekýän zähmetine goýulýan sarpadan nyşan bolup durýar.
Biz — harby gullukçylara yhlasly zähmet çekmäge, ata Watanymyzy gorap saklamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Hünär baýramçylygyňyz gutly bolsun, Watan goragçylary!
Begenç KADYROW.
TDMG-nyň welaýat boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.